“Kepjebaş” – şwed dilinde ilkinji türkmen romany

Ýakynda türkmen ýazyjysy Ak Welsaparyň "Kepjebaş" romany şwed dilinde "Kobra" ady bilen neşir edildi. Bu şwed diline geçirilen ilkinji türkmen romanydyr. Kitaby neşir eden Stokgolmyň "Tranan" neşirýaty.

Bu roman türkmen halkynyň ýakyndaky geçmişini hem şu döwrüň taryhynyň möhüm meselelerini öz içine alýar. Waka SSSR ýykylan döwürden başlanýar. Romanda geçmişdir şu gün, öňki gadymy ynançlar hem rowaýatlar döwrüň wakalary bilen utgaşyp gidýär. Bu ýerde dürli ynamlar hem täzeleniş goşulyp beýan edilýär. Onda sowet döwrüniň meseleleri-de, SSSR-iň dargamagy-da bar. Sebäbi häzirki Garaşsyz Türkmenistan şol SSSR-iň düzüminden çykan bir ýurt bolupdy. Sowetler baradaky pikir-garaýyşlar bilen antisowet garaýyşlar hem gezekleşdirilip berilýär. Roman ýeterlik derejede çylşyrymly. Oňa taýýarlykly okyjy gerek.

Bu ýerde totalitar sistemanyň ýok ediji güýji görkezilýär. Totalitar syýasat islendik ýolbaşçyny zaýalaýar, ony özüne we öz düzgünine görä işlemäge mejbur edýär. Eseriň wakalary öz beýan edilýän ýerinden – Garagumuň çäginden çykyp, şu günüň totalitar meselelerine utgaşýar. Eserde esasy hereket edýän gahryman, ýagny Jenap ýoldaş Prezident diňe bir çeper obraz bolman, eýsem jemgyýetiň simwolik häsiýetine öwrülýär. Şeýlelikde, romanyň tutuş durky folklor häsiýetli we modern tapyndylara baý. Şonuň üçin bu romany şwed diline terjime etmek zerurlygy ýüze çykandyr diýip bolar.

Romanyň sýužet ýordumy barada awtoryň özi şeýle diýýär.

Türkmen ýazyjysy Akmuhammet Welsapar
– Bu roman türkmenleň köneden gelýän, ata-baba bir ynanjy bilen bagly. Eger-de ýylan ölmän, 40 ýyl ömür sürüp bilse, kyrk ýaşansoň şo ýylan okumyş bolýar diýýärler. Meniň baş gahrymanym bir kepjebaş ýylan. Ol uzak ýaşap okumyş bolýar. Soňra ol adam sypatyna girip, adamzat jemgyýetiniň içine gelýär. Şeýdibem şol adamlaryň biri bolup, ýaşamaga başlaýar. Ol wezipe alýar. Garaz, şol jemgyýetiň içindäki bar bolan problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Onsoň şol hereket edip duran totalitar jemgyýetiň bir nurbatjygyna öwrülýär.

Bu ýerde owaly bilen öňki Sowet Soýuzyndan we soňraky Garaşsyz Türkmenistandan ösüp ýetişen "Jenap ýoldaş prezident" ýaly liderleriň, has takygy diktatoryň kemala gelşi beýan edilýär. Şonuň üçinem "bu örän jaý wagtynda çykan kitap" diýip, oňa şwed ýazyjysy Maý Larsson gowy baha berdi.

Türkmen romanyny şwed diline geçiren belli terjimeçi Stefan Lindgren. Kitaba sözbaşy ýazan Lars Erik Blomkwist.

Roman 2500 san möçberinde çap edilipdir.