Açlygyň “açlykdan” parhy bar

Kubaly dissident Gulermo Farinasyň açlyk çekmegi Kudadaky syýasy bendileriň azatlyga çykarylmagyna ýardam edipdi. Oňa Ýewropa Parlamentiniň adam hukuklary boýunça iň ýokary baýragy berildi. Surat: 2010-njy ýylyň 29-njy iýuly.

Golaýda Azerbaýjanyň žurnalistleriniň bir topary tussaglykda saklanýan žurnalist Eýnulla Fatullaýewiň ýagdaýyna ünsi çekmek üçin «simwoliki açlyk” yglan etdiler.

Azerbaýjanyň “Azatlyk” atly garaşsyz gazetiniň redaktory Ganimat Zahid
Azerbaýjanyň “Azatlyk” atly garaşsyz gazetiniň redaktory Ganimat Zahid bu az wagtlyk açlygyň Fatullaýewi tussaglykdan çykarmak üçin ýeterlik däldigine düşünseler-de, bu waka ünsi çekmek üçin beýleki žurnlistler bilen birlikde açlyk çekendiklerini aýtdy.

21-nji aprelde 20 sany azerbaýjanly žurnalist aýry-aýrylykda öz edaralarynda açlyk çekdiler. Zahid özüniň 24 sagatlap hiç zat iýmändigini aýtdy. Şeýle-de kärdeşleriniň hem muny amala aşyrandygyna umyt edýändigini gülümsiräp, aýan etdi.

Zahid bu yglan eden açlyk çäresi barada şeýle diýdi: "Umuman aýdylanda, bu bir simwoliki goldaw çäresidi. Biz bir günlük açlyk tutmagymyz bilen, üýtgeşik bir özgerişligiň bolmajakdygyny bilýärdik. Eger-de syýasy talaplar öňe sürlüp, 10-15 günüň dowamynda nahardan ýüz öwrülse, onda biz ýurdumyzda jemgyýetçiligiň ünsüni çekip bilerdik”.

Emma Zahid 2006-njy ýylda azeri hökümetiniň “Azatlyk” gazetiniň edarasyny elinden almagyna garşy 17 günläp açlyk çekmeginiň-de hiç bir netije bärmändigini-de aýtdy. Zahidiň şol açlygy onuň özünden gidip, koma düşmegi bilen tamamlandy. Azerbaýjan hökümeti hem gazetiň edarasynyň jaýyny Zahidiň elinden alyp, oňa başga, has oňaýsyz ýerden bina beripdir.

Dünýäde iň meşhur açlyk çekmegiň nusgalarynyň biri hökmünde Irlandiýanyň armiýasynyň wekili Bobby Sandsyň nahardan ýüz öwürmegini mysal getirip bolar. Ol 1981-nji ýylda beýleki dokuz tussag bilen birlikde tä jan berýänçä, 66 günläp açlyk çekipdi.

Mahatma Gandi amerikan sufražistkalary, ýagny aýallaryň ses bemek hukugy ugrunda göreşýänler bilen birlikde, 1980-nji ýyllardaky türk syýasy tussaglarynyň, şeýle-de häzirki kubaly dissidentleriň ýagdaýyna jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek üçin uzak möhletleýin açlyk çekipdi.

Sany peselýär

Açlyk yglan etmeler boýunça ekspert, “Halkara Gyzyl Haç” jemgyýetinde tussaglar meselesi boýunça iş alyp barýan doktor Hernan Reýesiň aýtmagyna görä, özgertmeleri gazanmak üçin yglan edilýän has ýowuz, uzak möhletleýin açlyk çekmeleriň sany häzir gitdigiçe peselýär. Reýes açlyk çekmegiň we iýmek-içmekden ýüz öwürmegiň arasynda tapawudyň bardygyny belleýär.

“Haçan-da biri açlyk yglan edende, ol soňuna çenli gitjekdigini, özüniň ynamy üçin janyndan hem geçmäge taýýardygyny hemmelere äşgär edýär” diýip, Reýes belleýär.

Nahar iýmekden ýüz öwürýänleriň esasan türme tussaglarydygyny aýdyp, Reýes şeýle gürrüň berdi: "Nahar iýmekden ýüz öwürýänleriň öz saglyklaryna sähelçe-de şikes ýetirmek ýaly aladalary ýok. Olar käbir iýmitlerden ýüz öwürýärler, olar hatda hepdäniň dowamynda hem hiç zat iýmän bilerler. Emma olaryň asyl maksady, başardykdan goh-galmagal turuzmak, habar serişdeleriniň ünsüni bu ýagdaýlara çekmek, daşardaky adamlary seslenmäge mejbur etmek, türme başlygynyň ýüzüne gara çekmek. Olaryň Bobby Sandsyň ýolundan gitmäge zerre ýaly-da niýetileri ýok”.

Açlyk çekýänleriň käbiri özleri üçin nahardan ýüz öwürmegiň wagt çägini-de kesgitleýärler. Mysal üçin, geçen aýyň ortalarynda Orsýetde çagalar baglarynyň ýapylmagyna protest hökmünde ors eneleri üç günläp açlyk yglan etdiler. Olar eger-de talaplary berjaý edilmese, 4-nji maýda ýene-de açlyk çekjekdiklerini hem duýdurdylar. Emma bu haýbat bilen bagly häzire çenli-de hiç hili maglumat ýok.

Simwoliki taýdan açlyk çekýänler, ýagny özlerine ýetip biljek zyýany boldugyça pes derejede saklap, köpçüligiň ünsüni çekmek isleýänler barada Reýes şeýle diýýär: "Bular ýaly ýagdaýlaryň ýüzlerçesi bar... “Men ertirlik edinmedim, men günortan hiç zat iýmedim, siziň kärdeşiňiz bu nahary iýmedi diýen ýaly zatlary agyz dolduryp aýdýanlar açlyk yglan edýändiris öýdýärler. Aslynda bu açlyk yglan etmek däl, bu diňe ugursyz gürrüňler”.