Birnäçe güne çeken oýlanyşykdan soň, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama 2-nji maýda öldürilen Osama bin Ladeniň jesediniň suratyny jemgyýetçilige görkezmezlik barada karara geldi.
Obama muny beýle suratyň amerikalylara garşy zorlukly çäreleri öjükdirmek ýa-da propoganda ýaragy hökmünde ulanmak ähtimallyklarynyň bardygy bilen düşündirdi.
Bu barada CBS täzelikler kanalynyň «60 minut» atly programmasyna beren interwýusynda prezident Obama 2-nji maýda Pakistanyň Abbottabad şäherinde Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleri tarapyndan öldürilen şahsyýetiň jesedinde geçirilen DNK barlaglarynyň onuň Bin Ladeniň jesedidigine hiç hili şübhe galdyrmandygyny aýtdy.
Bu wakanyň fonunda bolsa, çarşenbe güni Ak Tamda geçirilen brifingde Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Jeý Karneý Bin Ladeniň ölendigine köp adamlaryň henizem ynanmaýandyklary barada žurnalistleriň beren soragyna prezident Obamanyň sözlerine salgylanmak bilen jogap berdi.
Hususan-da, ol bu barada şeýle diýdi: «Biz bu waka tutuş dünýäde bildirilýän reaksiýalara syn edýäris. Elbetde, Bin Ladeniň indi ölidigine hiç hili şübhe ýok. “Al-Kaýdanyň” agzalarynyň arasynda-da onuň ölidigine hiç hili şübhe ýok. Beýleki tarapdan, biziň pikirimizçe, onuň suratynyň görkezileni ýa görkezilmäni ýagdaýy üýtgedip bilmez. Islendik ýagdaýda-da, bu wakany inkär edýän ertekiler hökman bolar. Ýöne esasy fakt indi siziň Bin Ladeniň ýeriň üstünde ýaşap ýörendigini görmejekdigiňizdir».
Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasynyň çarşenbe güni eden bu beýanatyndan birneme öň Osama bin Ladeniň jesediniň suratlary görkeziler diýen umytlar uludy.
Aýratynam, Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) direktory Leon Panettanyň Bin Ladeniň iň bolmanda bir suratynyň görkezilmeginiň mümkindigi barada eden çykyşyndan soň, munuň şeýle boljakdygyna köpler ynanypdylar.
Osama bin Ladeniň öldürilendigi baradaky habar musulman ýurtlarynyň ilatlarynyň arasynda aýratyn bir ýazgaryjy reaksiýalary döretmedi.
Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Jeý Karneý Waşingtonyň Osama bin Ladene garşy gören bu çäresiniň Bin Ladeniň yslam dünýäsi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda oňşuksyzlyk döretmek ugrunda eden tagallalaryna meçew bermejekdigini aýtdy.
Osama bin Ladeniň jesediniň suratlaryny jemgyýetçilige görkezmezlik barada Ak Tamyň gelen karary bu ugurdaky diskussiýalaryň soňuna nokat goýmasa gerek.
Birleşen Ştatlaryň kanunçylyk boýunça ekspertleri Bin Ladeniň ölümine degişli materiallar media serişdeleri tarapyndan hökümet edaralaryndan talap edilen halatynda, bu materiallaryň jemgyýetçilige, barybir, aýan bolup biljekdigini aýdýarlar.
Birleşen Ştatlaryň «Informasiýa azatlygy baradaky akt» atly kanunyna laýyklykda, haýsydyr bir suratlaryň, wideoýazgylaryň ýa dokumentleriň berilmegi kanunçylygy bozmaýan bolsa, onda habar beriş serişdeleri ýurduň hökümet edaralaryny şeýle dokumentleri özlerine bermeklige mejbur edip bilýärler.