“Save the Children” guramasy dünýäde eneleriň ýagdaýy boýunça hasabat ýaýratdy.
Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Save the Children” guramasy dünýäde çagalaryň durmuşyny gowulandyrmak ugrunda iş alyp barýan garaşsyz guramadyr. Bu gurama öz hasabatyny eneler gününe gabatlap ýaýratdy. Bu sene dünýäniň köp ýurtlarynda maý aýynyň ikinji ýekşenbe güni bellenýär.
“Save the Children” guramasy eneleriň ýagdaýy boýunça ýyllyk hasabatyny 12-nji gezek çap edýär. Bu hasabatda dünýäniň 164 ýurdundaky eneleriň we çagalaryň ýagdaýyna baha berilýär. Görkezijiler eneler we çagalar üçin saglygy saklaýyş hyzmatlarynyň, bilimiň we beýleki mümkinçilikleriň elýeterliligine esaslanýar.
Türkmenistan
Hasabatyň enelere degişli böleginde döwletler üç topara: has ösen, ortaça ösen we pes derejede ösen toparlara bölünýär. Emma olaryň arasynda Türkmenistan agzalmaýar. “Save the Children” guramasynyň wekili Tanýa Weinberg muny eneleriň Türkmenistandaky ýagdaýyna degişli maglumatlaryň az bolanlygy bilen düşündirdi.
Tanýa Weinberg Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Aýallaryň ýagdaýyna baha bermek üçin bizde ýeterlik maglumat ýok. Sebäbi Türkmenistandan aýallar üçin bilimiň elýeterliligi barada resmi maglumat alyp bolmady. Şol bir wagtda-da ýurtda ýaş üstünden gidýän eneleriň ölüm derejesiniň ösýän ýurtlaryň aglabasyndakydan tapawutlanmaýandygyny bilýäris”.
Weinbergiň bellemegine görä, ozalky ýyllara garanda Türkmenistanda käbir ugurlarda özgerişlikler bar. Meselem, Türkmenistanda çaga ölüminiň derejesi pese gaçýar. Ol şu ýyl ilkinji gezek ýyllyk hasabatyň çagalara degişli bölegi üçin Türkmenistan barada ýeterlik maglumat toplanandygyny aýdýar.
Hasabatda çagalaryň ýagdaýy bilen baglylykda Türkmenistana ortaça ösen ýurtlaryň hatarynda garaldy we ortaça baha berildi. Türmenistanda çagalaryň ölümine sebäp bolýan problemalaryň arasynda, hususan-da arassa agyz suwunyň ýetmezçligi agzaldy.
Weinberg Türkmenistanda ilatyň 30%-niň arassa suw ýetmezçiligini duýýanlygyny belledi. Onuň sözlerine görä, arassa içimlik suwuň ýetmezçiligi 5 ýaşyna ýetmedik çagalaryň heläk bolmagyna getirýän öýken çişmesi we içgeçme ýaly howply kesellere sebäp bolýar.
Iň howply we howpsuz ýurtlar
Hasabata laýyklykda, dünýäde eneler üçin iň howpsuz ýurt Norwegiýadyr. Norwegiýadan başga eneler üçin iň howpsuz ýurtlaryň onlugyny Awstraliýa, Täze Zellandiýa we birnäçe Günbatar Ýewropa ýurtlary emele getirýärler.
Dünýäde eneler üçin iň howply ýurt Owganystan bolup durýar. Hasabatda howply diýip görkezilen 10 ýurduň düzümine şeýle-de Sub Sahara, ýagny Saharadan günortadaky Afrika döwletleri girýärler.
Owganystanda her 11 aýaldan biriniň ýaş üstünden ýogalýanlygy hasabatda aýdylýar. Ýurtda aýallaryň ýaş üstünden ölmek ähtimallygynyň bomba partlamasyndan ýa okdan heläk bolmak ähtimallygyndan 200 esse ýokarydygy hasabatda bellenýär.
Hasabaty ýaýradan “Save the Children” guramasy hökümetleriň we halkara guramalarynyň ösýän döwletlerde aýal-gyzlara ýardam bermek üçin has köp tagalla etmelidigini nygtaýar.
Gurama aýal-gyzlaryň bilim, saglygy saklaýyş we ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmagyň zerurlygyna ünsi çekýär. Şol bir wagtyň özünde-de hasabatda aýallaryň we ýaş çagalaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda puluň esasy faktor bolup durmaýanlygy hem bellenýär. Hususan-da, Malawi döwletiniň tejribesi mysal hökmünde getirilýär.
Hasabata görä, soňky ýyllarda Malawi öňegidişlik gazanypdyr. Bu ýurtda lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň bolmadyk ýerlerinde saglygy saklaýyş ugrundan iş alyp barýan jemgyýetçilik wekillerini taýýarlamak meselesine uly üns berilýär. Oba ýerleriniň ýaşaýjyaryna bäbekleriň we çagalaryň saglygy boýunça bilim berilýär. Adamlara gelmintlerden, ýagny bedende döreýän mugthor gurçuklardan halas bolmak üçin däri-dermanlar hem-de keselleriň öňüni almak üçin sanjymlar teklip edilýär. Arassaçylyk düzgünleri barada halka zerur maglumatlar berilýär.