Gyrgyzystanda oktýabryň ahyrynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyk görülýär.
Häzirki prezident Roza Otunbaýewa wagtlaýyn hökumet tarapyndan bir ýyl möhlet bilen Gyrgyzystanyň geçiş döwrüniň prezidentligine saýlanypdy. Gyrgyzystanyň kanunlaryna görä, Otunbaýewanyň ikinji möhlete prezidentlige öz kandidaturasyny goýmaga haky ýok.
Sişenbe güni Gyrgyzystanyň parlamentiniň mejlisinde “Ata Meken” fraksiýasyndan saýlanan deputat Erkinbek Alymbekow, eger-de döwlet we hökümet baştutany ikinji möhlete prezidentlige öz kandidaturasyny goýsa, onuň hökman wezipesinden çekilmelidigini aýtdy. Sebäbi prezidentlige kandidaturasyny teklip edýän beýleki kandidatlar döwlet çinownigi hökman administratiw resurslardan peýdalanar diýip, şübhe bildirerler.
“Eger boljak prezident hiç hili adminstratiw kömeksiz, adamlaryň ynamyna girip, köp ses alyp, saýlawlarda ýeňiş gazansa, ol hakyky ligitim prezident bolar” diýen pikiri Alymbekow öňe sürdi diýip, “Kg24” habar agentligi ýazdy.
“Ata Meken” partiýasynyň ýene-de bir agzasy Ömürbek Abdurahmanow deputat Erkinbek Alymbekowyň teklibini şeýle düşündirdi: “Eger ýurduň premýer-ministri Almazbek Atambaýew prezidentlige öz kandidaturasyny goýmakçy bolsa, ol hökman işden gitmeli. Ýakyn arada geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň anyk güni yglan ediler. Atambaýew entek öz kandidaturasyny goýjakdygy ýa-da goýmajakdygy barada anyk bir zat aýtmady. Premýer-ministriň maý aýynyň ahyryna çenli wagt bar”.
Şeýle-de ol Almazbek Atambaýewiň deputatyň bu teklibini kabul etjekdigini aýtdy: “Atambýaew prezidentlige öz kandidaturasyny goýjak bolsa, ol hökman wezipesinden çekiler. Eger-de ol öz kandidaturasyny goýmasa, premýer-ministrlik wezipesini ýerine ýetirer”.
Gyrgyzystanly analitikler hem Erkinbek Alymbekowyň pikirini goldaýarlar. Analitik Kubat Hojanaliýew ýurtda prezidentlik saýlawlary geçirilende, ýurduň prezidentiniň hem-de premýer-ministriniň işden gitmeginiň zerur şertdigini aýtdy.
“Bu adalatly hem hukuk taýdan arassa bolardy. Eger-de bu iş amala aşyrylsa, regionyn beýleki döwletleri üçin hem sapak bolardy. Döwletiň başynda oturyp, administratiw resurslardan peýdalanyp, gaýta-gaýta prezident saýlanyp, 10-15 ýyllap oturmagyň netijesinin nämelere barjakdygyny biz arap döwletleriniň mysalynda görüp otyrys” diýip, Hojanalyýew belledi.
Gyrgyzystanyň Saýlawlar baradaky kanunynda, eger-de ýurduň premýer-ministri hem-de onuň birinji orunbasary saýlaw kampaniýasyna gatnaşjak bolsalar, saýlawlardan dört aý öň işden çykmaly.
Gyrgyzystanda prezident saýlawlarynyň haýsy gün geçiriljekdigi entek resmi yglan edilmedi. Emma prezident saýlawlarynyň oktýabryň soňky dynç alyş güni geçiriljekdigi çak edilýär.