Dünýä liderleri Bin Ladeniň öldürilmegini makullaýar

Dünýä liderleri Osama bin Ladeniň öldürilmegini makullamak bilen garşy aldylar. Pakistanyň “Taliban” topary bolsa, Pakistana we Birleşen Ştatlara hüjüm etmek bilen haýbat atýar.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Bin Ladeniň ölüminiň halkara terrorizme garşy göreşde “özgeriş pursady” bolandygyny aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi düýnki geçiren ýörite sessiýasynyň dowamynda Bin Ladeniň öldürilmegini makullady. Howpsuzlyk Geňeşi “Al-Kaýda” terror toparynyň dünýä ýüzünde amala aşyran “wagşy hüjümlerini” ýatlap, bigünä adamlaryň öldürilmegini “hiç zadyň aklap bilmejekdigini” aýtdy.

Italiýanyň premýer-ministri Silwio Beluskoni hem Bin Ladeniň öldürilmegini “zalymlyga garşy göreşde uly ýeňiş” diýip häsiýetlendirdi.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bu wakadan “Talibanlaryň” sapak almalydygyny we söweşlerini bes etmelidigini aýtdy.

“Tehrik-e-Taliban”, ýagny Pakistanyň “Taliban” hereketiniň metbugat wekili Ehsanullah Ehsan ýurduň hökümet resmilerine we harbylaryna, şeýle-de Birleşen Ştatlara garşy hüjümleriň amala aşyryljakdygy duýduryp, haýbat atdy.