Gyrgyzystanda Çigildem rewolýusiýasynyň ýyl dönümi

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň merkezi medýançasynda, 24-nji mart, 2005-nji ýyl.

Şu gün Gyrgyzystanda 2005-nji ýylyň 24-nji martyndaky Çigildem halk rewolýusiýasynyň ýyl dönümi bellenýär. 24-nji mart dynç alyş güni diýlip yglan edildi.
Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa 23-nji martda Bişkekde geçen mejlisde 2010-njy ýylyň 7-nji aprelindäki wakalaryň, 2005-nji ýylyň halk rewolýusiýasynyň dowamydygyny aýtdy. Şeýle-de ol bu iki günüň deň derejede bellenmelidigini nygtady.

Roza Otunbaýewa 2005-nji ýylyň 24-nji martynda şol döwürdäki prezident Askar Akaýewi hökümetden gitmäge mejbur eden wakanyň sebäplerini, awtoritar hökümetiň halkyň halys ýüregine düşendigi bilen baglanyşdyrdy. Prezident 24-nji martadaky halk rewolýusiýasynyň gazanan üstünlikleriniň, soňky saýlanan prezident Kurmanbek Bakyýewiň hökümeti tarapyndan ogurlanandygyny, 24-nji marty ilkinji halk rewolýusiýasy hökmünde taryhdan öçürip bolmajakdygyny hem belledi.

Askar Akaýew bilen Kurmanbek Bakyýew halkyň olara ynanyp, ellerine tabşyran hökümetini hususylaşdyryp, özleri hakyky diktatora öwrüldiler.
Roza Otunbaýewa öz çykyşynda: “Şol rewolýusiýadan soň halkda uly umytlar peýda bolupdy. Emma biraz wagt geçip-geçmän, hökümetden halkyň göwnüniň galandygyny hemmämiz bilýäris. Askar Akaýew bilen Kurmanbek Bakyýew döwlet dolandyrylyşyny düýpden üýtgetmelidigine doly düşünmediler. Olar halkyň olara ynanyp, ellerine tabşyran hökümetini hususylaşdyryp, özleri hakyky diktatora öwrüldiler. Biz 2005-nji ýylda erkinlik we halk hökümeti üçin göreşipdik. 2005-nji ýyldaky göreş bolmadyk bolsa, onda 2010-njy ýyldaky rewolýusiýa-da bolmazdy” diýip nygtady.

Aksy wakalary

Prezident apparatynda adam hukuklary boýunça komitetiň başlygy Tursunbek Ahun Akaýewiň režimine garşy göreşiň, Gyrgyzystanyň ýeriniň Hytaýa berilmegi bilen bagly dörän Aksy wakalaryndan başlanandygyny aýtdy.

“Şol döwurde hökümetiň öz syýasy garşydaşlaryny türmä basyp, söz azatlygyny bogup ugrady. Soňra-da döwlet mehanizminden peýdalanyp, president saýlawlarynda üçünji möhlete saýlanmak, döwleti maşgalalaýyn dolandyrmak we ähli pudaklary öz golastyna geçirmek ýaly tendensiýalar ýüz berdi. Bu hem adamlaryň aýaga galmagyna sebap boldy” diýip, Tursunbek Ahun hökümetiň şol Aksy wakalarynda alty adamyny atyp öldürmeginiň halkyň sabyr käsesini dolduryp, wakalaryň ösüşini has-da tizleşdirendigini sözüniň üstüne goşdy.

“Ilkinji gezek garaşsyz Gyrgyzystanyň taryhynda alty adamyny, hökmetiň buýrugyna görä, atyp öldürdiler. Bu waka 2002-nji ýylyň 17-nji martynda bolupdy. Rewolýusiýa şol günden başlandy. Şol günden Akaýewe halkyň ynamy gaçyp ugrady. Şeýlelikde bolan wakany näme üçin halk rewolýusiýasy diýip bolmasyn?” diýip, Tursunbek Ahun aýtdy.

Indi gaýtalanmazlygy üçin...

Mejlisde parlamentdäki oppozision fraksiýalardan deputatlar çykyş edip, üçünji rewolýusiýanyň bolmazlygy üçin nämelere üns bermelidigini aýtdylar.

“Ar-Namys” fraksiýasyndan deputat Akylbek Japarow rewolýusiýanyň halkyň ýaşaýyş derejesi bilen baglydygyny aýtdy: “Häzir bizi rewolýusiýanyň maksatlary doly ýerine ýetirildimi ýa-da üçünji rewolýusiýa bolarmy diýen mesele alada goýýar. Elbetde, üçünji rewolýusiýany hiç kim islemeýär. Emma syýasatyň we ykdysadyýetiň ýazylmadyk tebigy kanunlary bar. Olara hiç kim garşy durup bilmeýär. Diňe şol kanunlara görä iş alyp barmaly bolýarys. Iki prezidenti kowduk. Emma onuň bilen problemalarymyz çözülmedi. Meniň diýjegim: sistemany uýtgetmeli”.

Gyrgyzystanyň alymlary ýurtda soňky 10 ýylyň dowamynda bolup geçen wakalara aradan birnäçe wagt geçensoň, baha bermegiň mümkindigini aýdýarlar.

Mejlisde 24-nji mart we 7-nji aprel wakalaryny düýpli barlap, öwrenip, olaryň asyl sebäplerini we tebigatyny çuň analiz etmelidigi barada hem aýdyldy.