Türkmen hudožnigi Moskwadaky sergä gatnaşdy

Oraz Agabaýewiň eserlerinden biri.

11-20 martda Moswada, Hudožnikleriň Merkezi öýünde, 14-nji Halkara çeperçilik sergisi geçirildi. “CDH 2011” atly bu şu ýylky sergi "Hudožnik we şäher" temasyna bagyşlandy, oňa GDA we Baltika dowletlerinden bolan hodužnikler bileleşikleriniň 17-si gatnaşdy.

“CDH 2011” çeperçilik sergisiniň müdiri Arnold Býaligiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Moskwada her ýyl geçirilýän bu çeperçilik sergisinde bu gezek Türkmenistanyň hudožnikler bileleşiginden diňe bir hudožnigiň - Oraz Agabaýewiň döredijilik işleri görkezildi.

Serginiň guramaçylaryndan Margarita Karlowanyň bellemegine görä, sergide Oraz Agabaýewiň grafika we oport stillerinde ýerine ýetirilen işleri görkezildi. “Dürli sýužetli we inçeden inçe işlenen bu eserler biz üçin örän gymmatly we möhüm” diýip, Karlowa Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Moskwanyň 14-nji Halkara çeperçilik sergisiniň şu ýylky temasy “Hudožnik we şäher”. Bu temanyň saýlanyp alynmagynyň sebäbini Arnold Býalik şeýle düşündirdi: “Hudožnikleriň köpüsi şäherlerde ýaşaýarlar. Şonuň üçin guramaçylar şäheriň hudožniklere, olaryň döredijiligine ýetirýän täsirini görkezmek islediler”.

Moskwada 1998-nji ýyldan bäri geçirilýän bu sergä ozalky ýyllarda türkmen hudožnikleri Tokar Tugurowyň, Şamuhammet Akmuhammedowyň, Annadurdy Almamedowyň, Durdy Baýramowyň, Kamil Weliahmedowyň, Berdiguly Amansähedowyň, Mämmet Ýarmämmedowyň, Witaliý Didenkonyň, Muhammet Babaýewiň, Azat Taganowyň eserleri gatnaşypdy.

2007-nji ýylda Moskwanyň çeperçilik sergisinde ady belli we ýaş türkmen hudožnikleriniň 14-den gowragynyň eserleri köpçüligiň dykgatyna hödürlenipdi.

Hudožnikler bileleşikleriniň halkara konfederasiýasy Moskwadaky ýyllyk çeperçilik sergileriniň esaslandyryjysy we guramaçysy bolup durýar. Postsowet ýurtlaryň hudožnikler bileleşikleri, şol sanda Türkmenistanyň hudožnikler bileleşigi bu halkara konfederasiýasynyň düzümine girýär.

“CDH 2011” çeperçilik sergisiniň müdiri Arnold Býaligiň sözlerine görä, her ýyl geçirilýän sergileriň maksady postsowet döwletlerindäki şu günki çeperçilik sungatyny görkezmekden we medeni giňişligiň bütewiligini saklamakdan ybarat.

Guramaçylaryň sözlerine görä, Moskwadaky halkara sergisine gatnaşýan ýurtlardan diňe Baltika döwletleriniň hudožnikler bileleşikleri resmi taýdan halkara konfiderasiýasynyň düzümine girmeýärler. Emma, muňa garamazdan, bu ýurtlaryň hudožnikleri CDH sergisine her ýyl aktiw gatnaşyp gelýärler.