Gurluşyklaryň barşyna garaldy

Türkmenistandaky gurluşyklar esasan türk gurluşyk kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýar.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.
Mejlisde ýurtdaky uly göwrümli şäher gurluşygy programmasynyň amala aşyrylyşy, möhüm desgalarda we gurluşyklarda işleriň barşy, täze gurlan sosial-medeni maksatly binalary tabşyrmak dabaralaryna taýýarlyklar ýaly meselelere garaldy.

Ýurduň prezidenti gurulýan binalary öz möhletinde tabşyrmak, olaryň hiline gözegçilik etmek barada beren tabşyryklarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi boýunça görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň prezidenti fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2011-nji ýylda gurluşyk işlerine 7 milliard amerikan dollarynyň harçlanjakdygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Aşgabatda we welaýat merkezlerinde uly gowrümli gurluşyk işleri dowam edýär. Bu işler dürli daşary ýurt kompaniýalary, esasan-da türk gurluşyk kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýar.

Gurluşyklaryň hili

Türkmen prezidenti gurulýan desgalaryň hiline üns bermelidigi barada yzygiderli görkezme berýär. Emma Türkiýede bolan ýer titremede türk firmalarynyň guran jaýlarynyň hiliniň köpçülige äşgär bolandygyny “Respublikan”oppozision partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow aýdýar.

“Hakykatdan-da, Türkiýede bolan ýer titremeden ýykylan jaýlary barlanlarynda, sementiň ýerine çägeden peýdalanandyklary anyklandy. Şonda bir topar şirketiň başlyklaryny türmä basypdylar” diýip, Hanamow ýatlaýar.

Onuň sözlerine görä, öňler nähili proýekt bolsa-da, gurluşyk tamamlanyp-tamamlanmanka “döwlet gurluşygy” edarasyna tabşyrylýardy. Edara onuň seýsmologik durnuklylygyny, onuň 9 bal ýer titremesine çydamlylygyny we ähli gurluşyk materiallaryny barlaýardy. Soňra şol proýekti tabşyrmaga we ulanmaga rugsat berilýärdi. Emma häzir ýagdaý başgaça diýlip, ýerli žurnalistler habar berýär.

Seýsmologik zona

Spesialistleriň sözlerine göra, Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri ýaly, Türkmenistan hem seýsmologik zona hasaplanýar. Türkmen Sowet ensiklopediýasynda ýazylmagyna görä , 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýer titremäniň güýji 9 bal bolupdyr. Emma şol ýer titremede ölenleriň sany barada henize çenli anyk maglumat ýok.

Şondan soň hem Türkmenistanda dürli ownukly-irili birnäçe tebigy hadysalar ýüz berdi. 2000-nji ýylda Gazanjykda bolan ýer titremesi barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle gürrüň berýär: “Gazanjykda iki asyryň sepgidinde gaty aýylganç ýer titreme boldy. Döwlet derejesinde hasabat berilmese-de, şonda şäheriň merkezindäki jaýlaryň 90%-den gowragynyň mundan beýläk ýaşamaga howpludygy barada ýörite aktlar ýazyldy”.

Suw-gurluşyk inženeri we Türkmenistanyň öňki diplomaty Nurmuhammet Hanamow ilki bilen ýurtdaky seýsmologik stansiýalary ugrukdyrmalydygyny we olary ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmelidigini, şeýle hem ulanyşa tabşyrylýan desgalaryň barlag işleriniň güýçlendirilmelidigini nygtaýar.

Synçylar täze gurulýan jaýlaryň howpsuzlygy we gurluşyk işlerine gözegçilik meselesinde ýurtdaky söz we metbugat azatlygynyň hem möhum rol oýnaýandygyny öňe sürýärler.