Özbegistan HRW-niň Daşkentdäki edarasyny ýapýar

Guramanyň dolandyryjy direktory Kennet Rosyň nygtamagyna görä, guramanyň Özbegistandan çykarylmagy bilen, resmiler adam hukuklarynyň bozulyşy baradaky tankytlary islemeýändiklerini aç-açan görkezdiler.

“Human Rights Watch” guramasynyň aýtmagyna görä, özbek häkimiýetleri bu guramanyň Daşkentdäki wekilhanasyny ýapmaga mejbur edipdirler. Şunuň bilen adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara guramasynyň ýurtdaky 15 ýyllyk işi hem tamamlandy.

“Human Rights Watch” öz işgärlerine wizalary, iş akkreditasiýalaryny bermeýäni üçin özbek resmilerini aýyplaýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň maglumatyna görä, penşenbe güni, ýagny 10-njy martda, özbek resmileri bu guramanyň ýurtda işini togtatmalydygy barada habar edipdirler.

Guramanyň dolandyryjy direktory Kennet Rosyň nygtamagyna görä, guramanyň Özbegistandan çykarylmagy bilen, resmiler adam hukuklarynyň bozulyşy baradaky tankytlary islemeýändiklerini aç-açan görkezdiler.

Emma Kennet Ros guramanyň çykarylmagy bilen özleriniň dymyp oturmajakdygyny hem mälim etdi.

Geçen ýylyň dekabrynda Özbegistanyň Adalat ministrligi “Human Rights Watch” guramasynyň barlagçysy we Daşkentdäki edarasynyň direktory Stiw Swerdlowa öz guramasyna wekilçilik etmäge iş akkreditasiýasyny bermändi. Özbek resmileri özleriniň bu netijä gelmeklerini şeýle düşündirdiler: “Ors milletinden bolan adam özbek halkynyň “aň-düşünjisine” akyl ýetirip bilmeýär, şu sebäplem ol adam bu wezipä laýyk däl”.

Mundan ozal, 2007-nji ýylda, özbek resmileri edaranyň başlygy Adnrea Bergiň iş akkreditasiýasyny uzaltmandy. Munuň bilen baglylykda 2005-nji ýyldan bäri Daşkentde işläp ýören Berg ýurdy terk etmäge mejbur edilipdi.

Işini dowam etdirer

Swerdlowyň nygtamagyna görä, görkezilýän basyşlara garamazdan, “Human Rights Watch” Özbegistandan hasabat bermegini dowam etdirer. Ol Özbegistanyň dünýä ýüzündäki iň repressiw režimli ýurtlaryň biridigini-de sözüne goşdy.

"Hökümet graždan jemgyýetini dolulygyna öz gözegçiliginde saklaýar diýen ýaly. Şeýle-de ýurt dolulygyna daşarky dünýäden üzňelikde saklanýar. Haçanda, ýurduň paýtagty Daşkende baranyňda, izolýasiýanyň näderejededigini açyk-aýdyň duýýarsyň. Diýjek bolýanym, edil boşlugyň içine girene dönýärsiň. Ol ýerde halkara gözegçileriniňem, biznes wekilleriniňem sany diýseň az. Hususan-da, graždan jemgyýeti soňky alty ýylyň dowamynda has-da erbet gysyşlara duçar edildi” diýip, Swerdlow aýdýar.

2005-nji ýylda Özbegistanyň gündogar sebiti Andijandaky protestleri hökümetiň gazaply basyp ýatyrmagyndan soňra, halkara jemgyýetçiligi Daşkendi ýazgardy. Şondan soň Ýewropa Bileleşigi Özbegistana çäkli sanksiýalary girizipdi. Häzir şol girizilen sanksiýalar ýatyryldy.

Andijan wakalaryndan soňra, Özbegistan ýurtdaky hökümete degişli bolmadyk guramalary we günbatar habar serişdelerini resmi hasaba almakdan boýun gaçyryp, olara basyşy artyrdy. Habar beriş serişdeleri, şol sanda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy hem-de BBC ýurtdaky býurolaryny ýapmaga mejbur edildi.

Swerdlow halkara jemgyýetçiligini, hususan-da Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigini, Özbegistanyň “Human Rights Watch” guramasyna garşy alyp barýan gadagançylygyny, şeýle-de ýurtdaky adam hukuklary meselelerini açyk ýazgarmaga çagyryş edýär.