Türkmenistanda Internet we senzura

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Türkmenistan bilen Özbegistany Internetiň duşmanlary diýip atlandyrdy.
Guramanyň jemi 100 sahypadan ybarat ýyllyk hasabatynda aýdylmagyna görä, dünýäde güýçli senzuranyň höküm sürýän döwletleri: Hytaý, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Saud Arabystany, Siriýa, Kuba, Türkmenistan, Özbegistan we Mýanmadyr. Internet senzurasyna garşy göreş güni bilen baglanyşykly 12-nji martda yglan edilen hasabatda bu döwletlerde Internetiň ýaramazlaşýandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň Internet aragatnaşygy pudagynda heniz hem maliýe we tehniki kynçylyklar dowam edýär. Ýurtda diňe daşary ýurt korporasiýalary hem-de ilçihanalary Internetden doly derejede peýdalanyp bilýärler. Ýönekeý adamlar bolsa diňe berk senzuradan geçen maglumatlary alyp bilýärler diýlip, hasabatda aýdylýar.

"Tizlik pes”

Türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew hem häzir Türkmenistanda Internetiň ýagdaýynyň öwerlik däldigini öňe sürýär: "Häzir Internetiň tizligi örän pes. Soňky döwürde MTS-iň ýapylmagy bilen ýaşlar "Altyn Asyr" mobil telefonyna birikdiler. Gynansak-da, onuň işleýşi haýal".

Garaşsyz žurnalistiň sözlerine görä, Türkmenistanda esasan Orsýetiň "mail.ru", "yandex.ru", mundan başga-da "Google" saýtynyň hyzmatlaryndan giňden peýdalanylýar. "YouTube", "Facebook" we "Twitter" sosial aragatnaşyk saýtlarynyň köplenç işlemeýändigi, olara käte diňe WAP sistemasy ýa mobil telefon arkaly girip bolýandygy hem habar berilýär.

"Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň hasabatynda Türkmenistanda "Skype" aragatnaşyk sistemasyndan, "talyplar.com", "teswirler.com" Internet forumlaryndan hem giňden peýdalanylýandygy aýdylýar.

Internet-kafeler

Internet-kafelerde Internetden peýdalanýanlardan şahsyýetini tassyklaýan dokumentiň talap edilýändigi hakda gurama ýazýar. Bu maglumaty žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew hem tassyklaýar.

Ýazgulyýew, häzir welaýatlary hasaba almanyňda, merkez Aşgabatda Internetiň tizliginiň birneme gowulaşandygyny, "Altyn Asyr" mobil kärhanasynyň Internetinden peýdalanmagyň mümkindigini aýdýar.

"Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň hasabatynda soňky döwürde Türkmenistanda käbir Internet-kafeleriň ýapylandygy barada hem aýdylýar. Emma türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu maglumaty ret edip, olaryň hemmesiniň işläp durandygyny aýdýar.

Zenanlar üçin Internet hepdeligi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy mart aýynyň 14-den 18-ine çenli "Zenanlar üçin ilkinji gezek Internetde işläp görmek" hepdeligini geçirýär. Bu henize çenli Interneti ulanyp görmedik zenanlar we gyzlar üçin bir hepdelik gözükdirme bolar.

Ilçihananyň metbugat wekili Bredleý Maguieriň sözlerine görä, bu çäre ABŞ-da mart aýynyň "Zenanlar aýy" diýlip yglan edilmegine gabatlanyp geçirilýär.

"Häzir dünýäde Internetiň möhümdigine garamazdan, ondan peýdalanmagy bilmeýänler bar. Şolara Internetden peýdalanmagy öwretmegi biz özümize maksat edinýäris. Häzir bu çärä 60-a golaý zenan gatnaşýar" diýip, ilçihananyň wekili aýtdy.