Moskwada milliarderler köpelýär

«Forbes» žurnalynyň iň baý adamlar barada çap eden soňky ýyllyk maglumatyna görä, Orsýetiň Moskwa şäheri milliarderleriň sany boýunça dünýäde iň önde durýan şäher.

«Forbes» žurnaly diňe Moskwanyň özünde 79 sany milliarderiň bardygyny ýazýar. Munuň özi bolsa, global maliýe krizisiniň ýüze çykaly bäri dünýä ykdysadyýetinde bolup geçen uly öwrülişiklikleri şöhlelendirýär.

Bary-ýogy iki ýyl mundan ozal hem global maliýe krizisi Orsýetiň ykdysadyetini örän pese düşüripdi. Şonda Orsýetiň milliarderleriniň üçden iki bölegi öz milliarderlik statusyny-da ýitiripdiler. Emma Orsýetdäki ýagdaý indi üýtgedi we milliarderlik statusyny ýitirenler ýene gaýtadan öz statuslaryny dikeltdiler.

«Forbes» žurnalynyň 9-njy martda çap eden ýyllyk sanawyna görä, Orsýetiň paýtagty Moskwa indi milliarderleriň sany boýunça dünýäde birinji orundaky şähere öwrüldi.

Sebäbi näme?

«Forbes» žurnalynyň baş redaktory Stiw Forbes
«Forbes» žurnalynyň baş redaktory Stiw Forbes bu ýagdaýyň sebäbini dünýä ykdysadyýetinde bolup geçen özgerişlikler bilen düşündirýär: «Aziýa-Ýuwaş okean regionynda milliarderleriň sany 40 prosent artdy. BRIC toparyna girýän ýurtlar barada aýdylanda, Orsýetdäki milliarderleriň sany mundan öň 62 bolan bolsa, häzir 101-e ýetdi, Braziliýada bolsa bu san 18-den 30-a ýetdi. Bu ýagdaý dünýä ykdysadyýetinde ösüş dinamizminiň bardygyny görkezýär. Emma bu ösüş Birleşen Ştatlar we Günbatar Ýewropa degişli däl».

Bu çap edilen sanawa görä, häzirki wagt Moskwada 79 sany milliarder bar, Nýu-Ýorkda bolsa olaryň sany 58. Ekspertler käbir ýurtlarda milliarderleriň sanynyň artmagynyň sebäbini soňky döwürde bu ýurtlarda haryt söwdasynyň ur-tut artandygy bilen düşündirýärler.

Orsýetiň ykdysadyýeti soňky wagtlar ýurduň esasy eksporty bolan nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde görnetin ösüp başlady. Nebit öndüriji Ýakyn Gündogar regionyndaky syýasy durnuksyzlyk halkara bazarynda Orsýetiň nebitine bolan islegi has-da artdyrdy.

Häzirki wagt Orsýet nebit eksportynyň möçberi boýunça dünýäde birinji ýurda öwrüldi. Ýylyň başyndan bäri bolsa nebitiň bahasy 25 prosent ýokarlanyp, onuň her barreliniň bahasy 115 dollara ýetdi.

Halkyň durmuşy

Orsýetdäki garaşsyz «Lewada» barlaglar merkeziniň eksperti Lew Gudkow ýurduň nebit girdejileriniň artýandygyna garamazdan, munuň adaty raýatlaryň durmuşyna göze ilerlikli täsirini ýetirmeýändigini we raýatlaryň köpüsiniň öz geljeklerine ynamsyzlyk bilen garaýandyklaryny aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, Orsýetiň ykdysady ýagdaýy barada «Forbes» žurnalynda çap edilen maglumatlara-da raýatlar çynlakaý bir zat hökmünde garamaýarlar: «Bu wakalar aýda bolup geçýän wakalar ýaly bir zat. Bu maglumatlar adamlary asla gyzyklandyrmaýar we olaryň durmuşyna täsir hem etmeýär».

Emma «Forbes» žurnaly regionlarda milliarderleriň sanynyň artmagynyň jemgyýetiň beýleki agzalary üçinem gowy alamatdygyny, çünki milliarderleriň biznesi netijesinde ykdysadyýetiň ýokarlanýandygyny we has köp iş orunlarynyň peýda bolýandygyny öňe sürýär.

Dmitriý Medwedew häkimiýet başyna gelende Orsýetiň ykdysadyýetini modernleşdirmekligi, şol sanda, ykdysadyýeti nebitiň bahasyna garaşly etmezlik wezipesini iň bir möhüm syýasy mesele edip goýupdy.

Emma orsýetli ykdysatçy alym Mihail Delýagin 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende şu günki gün Orsýetiň nebit, gaz we metal eksportlaryna has-da köp bil baglaýandygyny aýdýar. Bu tendensiýa bolsa, Orsýetde ýakyn wagtlarda üýtgejege meňzemeýär.