Aýry region – "birmeňzeş obraz"

Gyrgyzystanyň Strategik analiz we çaklamalar institutynyň maglumatynda Türkmenistanda şahsyýet kultunyň güýçlenmegine-de üns çekilýär.

Gyrgyzystanyň Strategik analiz we çaklamalar instituty Türkmenistanda arap döwletlerindäki wakalaryň senarisiniň gaýtalanmagy üçin sebäpler bar diýen pikirleri öňe sürýär.
Gyrgyzystanyň Strategik analiz we çaklamalar institutynyň maglumatynda Türkmenistanyň obrazynyň beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen birlikde Ýakyn Gündogaryň we arap dünýäsiniň döwletleriniň obrazyna gabat gelýänligi aýdylyp, deňeşdirme getirilýär.

Ýakynda Müsüre 30 ýyllap prezidentlik eden Mubarek häkimiýetden gitmäge mejbur boldy.
Maglumatda arap döwletleriniň senarisiniň Türkmenistanda ýüze çykmagy üçin sebäpleriň bardygy aýdylýar. Muňa ýurtda syýasy oppozisiýanyň ýoklugy, etniki gapma-garşylyklar, sosial kynçylyklar, şahsyýet kultunyň güýçlenmegi ýaly problemalaryň, şeýle-de geosyýasy faktoryň itergi berýänligi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Gyrgyzystanyň Strategik analiz we çaklamalar institutynyň ýolbaşçysy Akylbek Salyýew adamlaryň hak-hukuklarynyň yzygiderli depelenmegini ilatyň sabyr käsesiniň dolmagy üçin esasy sebäpleriň arasynda görkezdi .

“Adam hukuklaryna, raýatlaryň saýlamak hukuklaryna we, umuman demokratiýa degişli meseleler barada, şu çaka çenli aýdylyp gelinýän hem bolsa, muňa iş ýüzünde ýol berilmeýär. Şeýle ýagdaýda adamlarda öz ýolbaşçylarynyň häkimiýet başynda çakdanaşa köp oturanlygy baradaky pikirler döräp biler” diýip, institutyň ýolbaşçysy Salyýew aýdýar.

Emma kopçülikleýin syýasy protestleri başdan geçiren döwletlerdäki wakalara meňzeş ýagdaý Türkmenistanda bolup bilmez diýen pikirler hem orta atylýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly Güneş şeýle pikirde: “Biziň döwletimizde närazyçylyk ýok. Gowy. Hemme zat, hemmetaraplaýyn gowy diýip, pikir edýärin. Her döwletiň öz içinde närazyçylyk bolýar. Biziň döwletimizde ýok, bolup bilmez, hiç wagt bolmaz”.

Öňüni almak üçin näme etmeli?

Salyýew Gyrgyzystsanda bolan syýasy öwrülişikleriň we arap döwletlerinde bolan we ýene dowam edýän syýasy wakalaryň gandöküşikli netijelerine we şol wakalaryň ýurtlaryň syýasy durnuklylygyna, sosial durmuşyna we ykdysadyýetlerine ýaramaz täsir ýetirenligine ünsi çekdi. Emma ol jogapkärçiligiň häkimiýetleriň boýnuna düșýänligini we olaryň halkyň sabyr-takadyny synamaly däldigini nygtady.

Ekspert Salyýewiň pikirine görä, häkimiýetler problemalara göz ýumman ýa ýurdy daşarky täsirlerden üzňeleşdirmek ýaly çäreleriň aňyrsynda bukulman, dartgynlylyk döremez ýaly düýpli çäre görmeli.

Türkmenistanyň içindäki synçylar hem ýurtda düýpli reformalaryň zerurlygyna ünsi çekýärler. Türkmenistanly agronom Akmyrat Ataýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda häzirki gün mümkinçilikden peýdalanyp, tertiplilik bozulmaz ýaly akylly-başly syýasy reformalary geçirer ýaly şertleri gözlemeli we geçirip başlamaly diýen pikiri öňe sürdi.

“Olaryň hemmesi biri-birine baglanyşykly. Syýasy reformalar hem sosial reformalar hemmesi biri-biri bilen baglanyșykly. Ilkinji bilen, meniň pikirimçe, halkyň hak-hukuklaryny goramakdan başlamaly. Sebäbi seniň hak-hukuklaryň bolmasa, syýasy hukuklaryň bolmasa, dag ýaly üýşürip goýan zadyň-da özüňe nesip edenok” diýip, agronom Ataýew aýtdy.

Pessimistik ýol

Gyrgyzystanyň Strategik analiz we çaklamalar institutynyň ýaýradan maglumatynda arap döwletlerindäki senariniň Türkmenistandaky syýasy ýagdaýy üýtgedip biljek iň pessimistik ýoldugy bellenilýär. Emma ol ýurduň içindäki ýagdaýyň we daşyndaky geosyýasy şertleriň şeýle özgerişlikleriň ähtimallygyny güýçlendirýänligini ýazýar.

Maglumatda bellenişine görä, Türkmenistanyň häkimiýetleri gözegçiligi berkitmek, prezidentiň şahsyýet kultuny güýçlendirmek, milli azlyklary hem oppozisiýany çäklendirmek ýaly serișdeleri öz häkimiýetini saklamak üçin ulansalar-da, bu ters netije berip biler.

Salyýew basyşlary güýçlendirmek usulyny “ýaýjygy gysyp saklamak” synanyşygyna meňzetdi. Onuň pikiriçe, syýasy özgerişlikleriň iki ýoly bolup biler. Olaryň biri: halk içinde liderleriň döräp, olaryň köpçüligi syýasy proseslere alyp barmak ýoly bolsa; beýlekisi: öz-özünden güýçlenmegi üçin zerur bolan minimal reaksiýalaryň belli bir nokada ýetip, mukdaryň hile geçmegine itergi berýän ýoldur.

Tunisdäki, Müsürdäki, Iordaniýadaky, Bahreýndäki we Liwiýadaky syýasy wakalar barada türkmen metbugatynda şu güne çenli habar berilmän gelýär.