Orsýetiň DIM-i MTS-iň bähbitlerini goramakçy

Türkmenistanyň 14 şäherinde MTS-iň 38 ofisi we 500 sany hyzmatdaş dükanlary hereket edýärdi.

7-nji martda Orsýetiň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 4-nji martda ýaýradan resmi beýannamasyna jogap hökmünde MTS-iň Türkmenistandaky kynçylyklary boýunça öz resmi pozisiýasyny mälim etdi.

Orsýetiň DIM-niň beýannamasynda Türkmenistanda işlän döwründe MTS-iň ylalaşyklarda görkezilen borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirenligi, pudagyň ösüşine uly serişdeleri ýatyranlygy, türkmen býujetine salgytlary wagtynda tölänligi, infrastruktura obýektleriniň kireý töleglerini berenligi we ynsanperwerlik işlerini alyp baranlygy aýdylýar. Şeýle-de beýanmmada MTS-iň Türkmenistanyň raýatlaryny iş bilen üpjün edenligi bellenilýär.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi: “Yhlasly maýa goýujynyň bähbitleriniň doly berjaý edilmegini prinsipial wajyp hasap edýäris” diýip, resmi beýannamasynda nygtady we MTS-e mundan beýläk-de zerur ýardamy berjekdigini aýtdy.

Ýardam nämeden ybarat bolup biler?

MTS-iň ýolbaşçylary kompaniýanyň Tükmenistandaky aragatnaşyk hyzmatlary togtadylaly bäri özleriniň Orsýetiň ýolbaşçylarynyň islendik ýardamyndan peýdalanmakçydyklaryny aýdyp gelýärler.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen, Osýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Ählumumy taryh institutynyň Merkezi Aziýa, Kawkaz we Balkanlar boýunça merkeziniň ýolbaşçysy Artýom Ulunýan Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň islendik hökümete tasir ýetirmek boýunça ençeme gurallarynyň bardygyny aýdýar we bu gurallaryň diňe bir basyşa bagly bolman, dürli ugurlardan barlyşyklar we eglişikler usullaryny öz içine alýanlygyny belleýär.

“Mobil aragatnaşyk hyzmatlaryna degişli amatlyklaryň türkmen hökümeti ýa käbir ýolbaşçylar bilen bolünişiniň göz öňünde tutulýan bolmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýaryn. Emma telekommunikasiýa bilen bagly bolmadyk ugurlar, ýagny gurluşyk we energiýa resurslary ýaly ugurlar hem göz öňünde tutulýan bolmaly” diýip, Artýom Ulunýan aýdýar.

Orsýetiň daşary syýasat boýunça edarasynyň beýannamasynda MTS-iň türkmen tarapy bilen özara bähbitli karara gelmegiň tarapdarydygy bellenildi.

MTS umytdan düşenok


MTS-iň jemgyýetçilik bilen aragatanaşyklar boýunça departamentiniň başlygy Ýelena Kohanowskaýanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, türkmen tarapy bilen gepleşikleri ýola goýmaga synanyşýan MTS islendik konstruktiw gepleşiklere höwes bildirýär we häzirki wagtda kompaniýa türkmen tarapyndan gepleşikleriň güni boýunça jogaba garaşýar.

Şol bir wagtda-da MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasy Halkara arbitraž suduna ýüz tutdy. Ýelena Kohanowskaýa häzirki wagtda MTS-iň Halkara arbitraž sudunyň düzüminiň kesgitlenmegine we bu prosesse degişli tehniki düzgünleriň berjaý edilmegine garaşýanlygyny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, Aşgabat MTS-e onuň emlägini satyn almagy teklip etdi. Emma MTS-iň jemgyýetçilik bilen aragatanaşyklar boýunça departamentiniň başlygy Ýelena Kohanowskaýa bu teklip boýunça sowala häzirlikçe jogap bermekden saklandy.

“Işlejegi gümana”


MTS-iň Türkmenistandaky edaralarynyň käbirleri şu günki güne çenli işini dowam etdirýärler. Türkmenistanda MTS-iň telefon nomerlerini saklaýanlaryň hem az däldigini aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Emma ol, muňa garamazdan, MTS-iň Türkmenistanda mundan beýläk işlejeginiň örän gümanadygyny belledi.

Bugaýewiň pikirine görä, MTS-iň Türkmenistandaky öz kynçylyklaryna köpçüligiň ünsüni çekmegi sebäpleriň biri bolup biler: “Türkmenistan MTS bilen aragatnaşyklaryny dowam etdirmez. Sebäbi türkmen hökümeti tankyda çydamsyz hökümet. MTS Singapurda geçen nebit-gaz boýunça halkara konferensiýada Türkmenistandaky inwestisiýalaryň nä güne düşüp biljekdigi bilen gatnaşyjylary habardar etdi. Türkmenistan bolsa beýle tankydy bellikleri hiç wagtda düşünip kabul etmeýär”.

Bugaýewiň bellemegine görä, şeýle-de MTS Türkmenistanda işlän döwründe käbir meselelerde türkmen häkimiýetlerine doly boýun bolupdy. Emma bu kompaniýanyň ýurtda saklanmagyna ýardam berip bilmändi. Hususan-da, öz müşderileriniň käbirleriniň daşary ýurtlara çykmak we jaňlary kabul etmek mümkinçiliklerini çäklendirmek ýaly hereketlere baş goşmak bilen MTS-iň türkmen häkimiýetlerine juda tabynlykda işlänligini Bugaýew belledi.

MTS - Türkmenistan

MTS-iň resmi maglumatyna görä, kompaniýa 2005-nji ýylda “Barash Communications Technologies, Inc.” (BCTI) amerikan kompaniýasyny satyn alyp, ýurduň telekommunikasiýa infrastrukturasyna 188 million dollardan gowrak maýa ýatyrdy.

Türkmen hökümeti MTS Türkmenistanda hiç hili zyýan çekmedi diýip hasaplaýar. Orsýetiň metbugaty Türkmenistanyň öz bähbitlerini islendik halkara sudunda goramaga taýýardygyny ýurduň aragatnaşyk ministri Öwülýäguly Jumagulyýewe salgylanyp, habar berdi.

Türkmenistanyň mobil aragatnaşygy bazarynda MTS öňdebaryjy kompaniýady. Onuň ulgamy ýurduň 85 prosenti bilen örtülendi. Ýurduň 14 şäherinde MTS-iň 38 ofisi we 500 sany hyzmatdaş dükanlary hereket edýärdi. Kompaniýanyň abonentleriniň sany bolsa 2 milliondan geçdi diýlip, habar berlipdi.

Türkmenistanyň MTS kompaniýasy bilen gatnaşygy barada ýurduň resmi metbugatynda we telewideniýesinde asla agzalanok.