Orsýetde milletparazlygyň ýiti tankytçysy Galina Kožewnikowa aradan çykdy

Galina Kožewnikowa Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky studiosynda, 26-njy dekabr, 2009-njy ýyl.

5-nji martda Moskwadaky «SOWA» guramasynyň direktorynyň orunbasary Galina Kožewnikowa agyr keselden aradan çykdy.
Orsýetde milletparazlyga garşy çykyş edýän az sanly meşhur şahyýetleriň arasynda Galina Kožewnikowa seýrek şahsyýetdi.

Galina Kožewnikowa 2002-nji ýylda döredilen we düýbi Moskwada ýerleşýän «SOWA» atly guramanyň direktorynyň orunbasary hökmünde iş alyp barýardy. Bu gurama tutuş Orsýet boýunça ksenofobiýa we milletçilikli hüjümler barada maglumat ýaýradýan az sanlyja guramalardan biri bolup durýar.

Galina Kožewnikowa 5-nji martda anyklaşdyrylmadyk bir keselden 36 ýaşynyň işinde aradan çykdy.

Milli hereketleriň taryhy boýunça bilermen, orsýetli taryhçy alym Wýaçeslaw Lihaçýoew Galina Kožewnikowany dogruçyl, işbaşarjaň we hoşniýetli şahsyýet hökmünde häsiýetlendirýär.

«Elbetde, bu onuň işidi, emma bu iş onuň üçin aýratyn bir şahsy işdi. Onuň alyp baran bu işi ýöne bir professional matlaplara esaslanýan iş bolman, eýsem aglaba antifaşistik meýle esaslanýan bir hereketdi. Mälim bolşy ýaly, oňa neonasistler tarapyndan köp gezekler çynlakaý haýbatlar hem atylypdy» diýip, taryhçy alym Wýaçeslaw Lihaçýoew belleýär.

Soňra ol şeýle diýýär: «Ol özüniň nähili pudakda iş alyp barýandygyna we munuň näderejede howpludygyna gowy düşünýärdi. Ýöne, şeýle-de bolsa, bu onuň meýletin saýlap alan ýoludy. Ýagny, bu onuň göreşidi diýsen hem boljak».

Sowet Soýuzy darganyndan soňky geçen ýyllarda Orsýetde zähmet migrantlarynyň sanynyň artmagy bilen, milleti slawýan bolmadyk migrantlara garşy milletparazlyk meýilleri hem kem-kem gülläp ösdi.

Milletçi toparlaryň sany örän köpeldi

Soňky ýyllarda ýurtda watançy, milletçi we neonasistik toparlaryň sany örän köpeldi. Orsýetde her ýyl zähmet migrantlarynyň we Orsýetiň raýaty bolmadyk daşary ýurt wekilleriniň ýüzlerçesi milletçiler tarapyndan urlup-ýenjilýärler we öldürilýärler.

«SOWA» guramasy şular ýaly milletçilikli hüjümler barada statistiki maglumatlary ýöredýän we şeýle wakalardan ejir çekýän adamlara maslahat berýän az sanlyja guramalardan biri bolup durýar. Bu guramanyň direktorynyň orunbasary Galina Kožewnikowa Orsýetdäki aşa milletçilik tendensiýalarynyň ýiti tankytçysy hökmünde özüni tanadypdy.

2010-njy ýylyň ýanwarynda ynsan hukuklaryny goraýjy ýurist Sergeý Markelow bilen ýaş žurnalist Anastasiýa Baburowanyň janyna kast edilip öldürilmeginiň yzy bilen Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Galina Kožewnikowa Orsýetdäki aşa sagçy güýçleriň kem-kem güýçlenýän täsiriniň tutuş döwletiň howpsuzlygyna howp abandyrýandygyny nygtapdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasynyň Moskwadaky bölüminiň direktory Tatýana Lokşina «Interfaks» habar agentligine beren interwýusynda Galina Kožewnikowany radikal nasionalizm meselesi boýunça «birinji orunda durýan ekspert» diýip atlandyrdy.

Galina Kožewnikowanyň ölümini Orsýetdäki köp milli diasporalaryň wekilleri uly ýitgi hökmünde kabul etdiler. Çünki olar Galina Kožewnikowany öz ýakyn tarapdarlary we hossarlary hasaplaýardylar.

«SOWA» guramasy hem Galina Kožewnikowanyň ölümi bilen baglanyşykly ýaýradan beýannamasynda onuň bitiren işine ýokary baha berip, G.Kožewnikowanyň agyr keseline garamazdan, ömrüniň soňky pursatyna çenli öz işini tutanýerlilik bilen dowam etdirendigini belläpdir.

Galina Kožewnikowanyň Orsýetdäki milletçilik we ksenofobiýa barada 2010-njy ýyl boýunça taýýarlan hasabaty ýakyn wagtlarda neşir ediler diýlip garaşylýar.