Türkmenistan Hytaýa satýan gazynyň möçberini artdyryp, ýylda 40 milliarddan 60 milliard kubmetre ýetirmegi planlaşdyrýar. Ýurtlaryň arasynda 2006-njy ýylda gol çekilen ylalaşyga görä, Türkmenistan Hytaýa 30 ýylyň dowamynda gaz akdyrmaga borçly.
Türkmenistanyň Hytaýa satýan gazynyň möçberini 60 milliard kubmetre çenli artdyrmak boýunça ylalaşygyň şu ýylyň ikinji ýarymynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekine etjek saparynyň dowamynda gol çekiljegi habar berilýär.
Bilermenler Türkmenistanyň bu kararyny täze gaz eksport ýollaryny gözleýän ýurt üçin şu günki gün beýleki mümkinçilikleriň ýoklugy bilen baglanyşdyrýarlar.
Azerbeýjanyň “Nebiti öwreniş merkeziniň” müdiri Ilhan Şabanyň sözlerine görä, Transowgan proýekti boýunça käbir öňegidişlikler bolup, Ýewropa tarap Transhazar gaz geçiirijisi maslahat edilýän hem bolsa, ýurduň gaz söwdasyny artdyrmak boýunça mümkinçilikleri iş ýüzünde giňelmedi.
“Eýrana tarap täze turbanyň gurluşygy bilen hem eksport edilýän gazyň möçberi çürt-kesik köpelmedi. Üstesine, Türkmenistan Orsýetiň hem türkmen gazynyň has uly möçerini satyn almak niýetiniň ýokdugyna göz ýetirdi” diýip, Ilhan Şaban belleýär.
Hytaý üçin amatly
Gol çekişlige taýýarlanýan täze ylalaşykda göz öňünde tutulýan 60 milliard kubmetr gazyň Hytaýyň ýyllyk gaz harajatlarynyň ýarpysyndan gowragyny emele getirýänligi “Associated Press” agentliginiň maglumatynda bellenilýär.
Syýasaty öwreniji we Orsýetiň syýasy barlaglar institutynyň bilermeni Aždar Gurdowyň pikirine görä, Hytaýyň gaza bolan talaplary uly bolsa-da, häzirki wagtda ýurduň has köp mukdarda gaz satyn almak zerury ýok.
Emma, Gurdowyň sözlerine görä, häzirki wagtda nebit öndürýän regiondaky durnuksyzlyk energiýa serişdeleriniň bahasynyň galmagyna öz täsirini ýetirýärkä, Hytaýyň şü günki gün öz geljegi üçin gaz satyn almagy syýasy we ykdysady taýdan amatly görünýär.
Aşgabat bilen Pekiniň arasynda 2006-njy ýylda baglaşylan ylalaşyga görä, Türkmenistan Hytaýa ýylda 40 milliard kubmetr gaz akdyrmaga borçly. Emma 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizilen uzynlygy 1,800 kilometrden gowrak gaz geçirijisiniň diňe 2015-nji ýylda doly güýjünde işläp başlajagy çak edilýär.
Käbir maglumatlarda şu ýyl Türkmenistanyň Hytaýa 17 milliard kubmetr gaz akdyrmakçydygy aýdylýar. Türkmenistanyň Hytaýa satýan gazynyň bahasy barada habar berilmeýär.
Aždar Gurdowyň sözlerine görä, gazyň nyrhy barada resmi derejde habar berilmeýän hem bolsa bilermenler arasynda onuň Türkmenistanyň Orsýete we Eýrana satýan gazynyň ortaça bahasynyň 1/3 birine deňdir diýen çaklama bar.
Türkmenistan karz alýar
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gol çekilmegine garaşylýan täze ylalaşykda Hytaýyň döwlet ösüş bankynyň Türkmenistanyň hökümetine karz pul bermegi-de göz öňünde tutulýar. Bu puluň möçberi barada aýdylmaýar, emma Türkmenistan mundan öň hem Hytaýdan 4 milliard dollar karz alypdy.
Aždar Gurdowyň sözlerine görä, bir tarapdan Hytaýyň berýän karzynyň prosentiniň pes bolmagy Aşgabat üçin amatly. Emma bu başga bir tarapdan, ýurduň bergä batmagyna sebäp bolýar. Bilermeniň pikirine görä, üstesine, Hytaýdan karzyň alynmagy türkmen gazynyň pes bahadan satylmagyna sebäp bolýar.
Şol bir wagtda-da gazyň bahasyny galdyrmak Türkmenistan üçin wajyp meseleleriň biri. Aždar Gurdow hut şu meseläniň Pekindäki gepleşiklerde ýene gozgaljagyny çak edýär.
Türkmenistan geçen ýylyň dowamynda Hytaýa 6 milliard kubmetre golaý gaz satdy diýip, Ilhan Şaban belleýär. Onuň sözlerine görä, gazyň möçberi we bahasy uly bolmasa-da, bu söwda Türkmenistana 1 milliard dollar çemesi girdeji getirdi.
“Gazdan gelýän girdejilere bagly bolan ykdysadyýetli ýurt üçin, bu ýeterlikli bolmasa-da, Hytaý bilen ykdysady partnýorlyk Türkmenistanyň hökümetiniň göwnünden turýar, sebäbi şeýle hyzmatdaşlyk ýurduň syýasy taýdan özgermegini talap etmeýär” diýip, Ilhan Şaban aýdýar.
Emma Türkmenistan syýasy liberalizasiýa taýýar bolmasa, ýurduň köp taraplaýyn eksport ugurlaryny ösdürmek baradaky yglan edýän programmalarynyň netije berjegi bilermenlerde șübhe döredýär.