Türkmenistan galla satmakçy

Häzirki wagtda dünýäde azyk ýetmezçiligi duýulýar. Orsýetde, Ukrainada hem galla hasylynyň mukdary azaldy.

Türkmenistan öz artykmaç galla önümlerini satmaga taýýarlyk görýär. 25-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň döwlet we hökümet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerlerine ýörite tabşyryk berdi.

Prezident Berdimuhamedowyň sözlerine görä, geçen ýylda alnan bol galla hasylynyň üstüne şu ýyl alynjak geljekki hasyl hem goşulsa, döwletiň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistan öz gereginden artykmaç bugdaýa eýe bolar.

Türkmenistanyň öz içerki zerurlyklary üçin näçeräk gallanyň gerekdigi, geçen ýylky we geljekki hasylyň mukdary barada anna güni geçirilen hökümet maslahatynda anyk sanlar agzalmady.

Ýurduň özüne näçe galla gerek?

Ýerofeýewiň sözlerine görä, meselem, ýurduň ilatyny 4 million adama diýip hasaplasaň, onda Türkmenistana ýylda 3,5 million tonna golaý galla gerek.
Öň mälim edilen resmi sanlarda, Türkmenistanyň öz içerki zerurlyklary üçin göz öňünde tutýan galla hasylynyň mukdarynyň 1,5 million tonna çemesidigi habar berlipdi.

ABŞ-nyň Oba hojalyk departamentiniň bilermenleriniň 2005-nji ýylda çap eden maglumatlarynda bolsa Türkmenistanyň içerki zerurlyklary üçin 2,5 million tonna galla gerek diýip, çak edilipdi.

Türkmenistanyň hökümetiniň oba hojalygy boýunça öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýewiň sözlerine görä, dünýäde kabul edilen tejribelere görä, ilaty azyk, maldarçylygy-da iýmlik galla bilen üpjün etmek üçin ýurtda adam başyna ýylda 800 kilo galla öndürmeli diýlip hasaplanýar.

Ýerofeýewiň sözlerine görä, meselem, ýurduň ilatyny 4 million adama diýip hasaplasaň, onda Türkmenistana ýylda 3,5 million tonna golaý galla gerek.

Türkmenistanda şeýle hasaplaryň ýöredilip-ýöredilmeýänligi belli däl. Şeýle statistiki sanlar köpçüligiň dykgatyna ýetirilmeýär. Hatda ýurduň ilat sanyna degişli maglumatlar hem soňky ýyllarda düýpden berilmeýär.

Aşgabatly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow Türkmenistanda öndürilýän gallanyň şu çaka çenli ýurduň içerki islegini ödäp bilmäni üçin daşary ýurtlardan bugdaý satyn alnyp gelnenligini belleýär.

Nurmämmedow ýurtda öndürilýän bugdaýyň hiliniň-de alyjylaryň talaplaryny ödemeýänligini öňe sürýär. Onuň sözlerine görä, alyjylar ilkinji nobatda Gazgystandan ýa Orsýetden getirilen bugdaýyň ununy almaga çalyşýarlar.

Türkmenistanda galla hasylynyň iň uly görkezijileri 2006-njy ýylda yglan edilipdi. Şonda hasylyň 3,5 million tonna ýetenligi resmi maglumatlarda aýdylypdy.

2010-njy ýylyň galla hasylyna gezek gelende, 1,1 million - 1,6 million tonna töweregindäki sanlar göze ilýär.

Indi alynjak hasylyň söwdasy edilýär. Näme üçin?

Synçylar häzirki wagtda entek alynmadyk hasylyň söwdasyny etmegiň hem irdigini belleýärler.

Berdimuhamedow ýurt ucin gerek bolan möçberden artyk galýan 200 müň tonnadan gowrak dänäniň biržanyn üsti bilen satylmagyny guramagy wise-premýerlerine tabsyrdy we galla söwdasyndan gelýän girdejileriň kanuna görä ulanylmalydygyny belledi.

Emma Ýerofeýewiň pikirine görä, Türkmenistanyň biržada satmakçy bolýan gallasynyň mukdary we onuň berip biljek girdejisi uly däl. Bilermeniň pikirine görä, artykmaç bolar diýilýän galla söwdasynyň esasy maksadynyň syýasat bilen bagly bolmagy mümkin.

“Türkmenistan özüniň dürli ugurlardan ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezmek isleýär. Nebit-gaz bilen çäklenmän, indi galla önümçiligine hem gezek ýetdi” diýip, Ýerofeýew aýdýar.

Häzirki wagtda dünýäde azyk ýetmezçiligi duýulýar. Orsýetde, Ukrainada hem galla hasylynyň mukdary azaldy. “Şeýle ýagdaýda türkmen ýolbaşçylarynyň özüne ünsi çekmäge we halkara jemgyýetçiligine kömek edip, artykmaç gallasyny satmaga ukyplydygyny görkezmäge synanyşýana meňzeýär” diýip, Ýerofeýew belleýär.

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda ýurduň öz gallasyny dünýä bazarlaryna çykarmagyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk syýasatynyň mümkinçilik döredenligi aýratyn nygtaldy.