Ýemende protestçiler ýurduň polisiýasy bilen çaknyşdy

Penşenbe güni Ýemende protestçiler ýurduň polisiýasy we hökümetiň tarapdarlary bilen çaknyşdylar.

Bu ýurtda eýýäm yzly-yzyna ýedi gün bäri prezidentiň häkimiýetden gitmegi talap edilip, protestler geçirilýär.

Penşenbe güni irden paýtagt Sanaada ýaraglanan hökümet tarapdarlary protestçileriň kiçi toparynyň üstüne hüjüm etdi.

Ýurduň beýleki künjeklerinde-de, şol sanda port şäheri Adende hem çaknyşyklaryň bolandygy habar berilýär. Bu çaknyşyklarda onlarça adama şikes ýetipdir.

Demonstrantlar ýurda 32 ýyl bäri prezidentlik edýän Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edýärler.