Eýranda tutuş ýurt boýunça proteste çagyryş edilýär

Eýranyň oppozision toparlaryna degişli Web saýtda şu hepde Tähranda hökümete garşy protestlerde ýogalan iki adamy ýatlap, ýekşenbe güni tutuş ýurt boýunça protest geçirmäge çagyryş edilýär.

Penşenbe güni Eýranyň resmileri oppozisiýa liderlerini dönüklikde aýypladylar. Resmiler olaryň tarapdarlary bilen aragatnaşyk liniýalarynyň kesiljekdigine hem söz berdiler.