16-njy fewralda Aşgabatda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk konsultasiýalaryň nobatdaky tapgyry geçirildi. Konsultasiýalary geçirmek üçin Türkmenistana sapar eden ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy.
Robert Bleýkiň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen amerikan delegasiýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň resmileri bilen geçirilen ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalaryň gidişinde Owganystany durnuklaşdyrmak boýunça edilýän tagallalar, howpsuzlyk, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçiriji proýekti, söwda we energiýa hyzmatdaşlygy we maýa goýumlar bilen bagly meseleler maslahat edildi.
Ýurtlaryň arasyndaky gumanitar hyzmatdaşlygyň çäginde bilim, medeniýet we adam hukuklary temalaryna hem garaldy. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň informasiýa boýunça wekili Bredli MakGaýer Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Prezident Berdimuhamedow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk bilen duşuşykda, "Serdar" myhmanhanasy, Aşgabat, 16-njy fewral.
16-njy fewralda Aşgabatda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy. Duşuşykda Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ bilen özara partnýorlygyna uly üns berýänligini belledi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy we söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň geografiýa taýdan giňişligini yzygiderli giňeldýänligi ýurduň “açyk gapylar” syýasatynyň esasy alamaty bolup durýar.
Türkmenistanyň prezidentiniň sözlerine görä, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda söwda öýlerini açyp, ýurduň transport-kommunikasion infrastrukturany ösdürmegi hyzmatdaşlygyň geňelmegine itergi berýän ugurlardyr. Bu barada Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda habar berildi.
Emma Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda Aşgabatdaky türkmen-amerikan gepleşiklerinde maslahat edilen meseleleriň arasynda adam hukuklary temasy düýpden agzalmady.
Žurnalistlere edilýän basyş hakda gürrüň gozgaldy
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, Aşgabatda geçirilen ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalarda adam hukuklary temasy we ýurtda Azat Ýewropa we Azatlyk Raidosynyň žurnalistleriniň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary maslahat edildi. Türkmen tarapyndan oňa Türkmenistanyň DIM-niň, beýleki esasy ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, spesialistleri gatnaşdylar diýlip, habar berilýär.
Ilçihananyň informasiýa boýunça wekili Bredli MakGaýer Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Olaryň ynsan hukuklary barada örän gowy we açyk diskussiýa geçirenligini aýdyp biljek. Bilşime görä, olar Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalistleriniň Türkmenistanda duçar bolýan problemalary barada aýratyn söhbet etdiler. Döwlet sekretarynyň kömekçisi žurnalistlere garşy çäklendirmeleriň aradan aýryljagyna we beýleki garaşsyz žurnalistleriň Türkmenistanda erkin işlejegine umyt bildirdi”.
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna Türkmenistanda basyş edilmegi bilen bagly problemany ýakynda amerikan kongressmeni Howard L.Berman hem gozgady. 11-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan hatynda demokrat kongressmen Howard L.Berman türkmen prezidentini söz azatlygyny berjaý etmäge we Türkmenistanyň halkara borçlaryny ýerine ýetirýänligini iş ýüzünde tassyklamaga çagyrdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Merkezi Aziýa döwletleri bilen ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalara 2009-njy ýylda başlapdy. Türkmenistan bilen ilkinji konsultasiýa 2010-njy ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirildi.