Berdimuhamedow amerikan ýolbaşçysyny kabul etdi

16-njy fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ösüşi boýunça konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada gelen amerikan delegasiýasynyň baştutany, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günortda we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýki kabul etdi diýip, TDH gullugy habar berýär.

Duşuşygyň gidişinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy, perspektiwalary, ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň edildi. Ikitaraplaýyn konsultasiýalaryň gün tertibinde ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk ýaly meseleler bar.

Robert Bleýk Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň prezidentiniň teklibi bilen gol çekilen hökümetara ylalaşygyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Amerikan delegasiýasynyň we türkmen tarapynyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçen konsultasiýalarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýarym ýylyna syn berildi. Türkmen tarapyndan oňa Türkmenistanyň DIM-niň, beýleki esasy ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, spesialistleri gatnaşdy diýip, TDH gullugy habar berýär.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, Aşgabatda geçirilen ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalarda adam hukuklary temasy we ýurtda Azat Ýewropa we Azatlyk Raidosynyň žurnalistleriniň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada-da maslahat edildi.

ABŞ Türkmenistan bilen şeýle konsultasiýalary 2009-njy ýyldan bäri geçirip gelýär. Şol konsultasiýalarda strategik hyzmatdaşlygy, ykdysady problemalary, adam hukuklaryny hem regionyň meselelelerini goşmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary maslahat edilýär.