Müňlerçe bahreýnliler Göwher medançasyna ýygnandylar

Müňlerçe bahreýnliler ýurduň paýtagty Manamanyň merkezi Göwher medançasyna ýygnandylar.

Oppozisiýa toparlary ýurtda has uly syýasy reformalaryň geçirilmegine çagyrýarlar.

Şeýle-de olar ýurdy dolandyrýan sünni monarhiýasynyň möhüm kararlar we döwlet wezipeleri boýunça häkimiýetiniň soňlanmalydygyny öňe sürýärler.

Bahreýn şalygynyň ilatynyň aglaba bölegi saýy musulmanlary. Olar köpden bäri özleriniň kemsidilmeklerine närazylyk bildirip gelýärler.