Obama 2012-nji ýyl üçin býujetiň proýektini hödürledi

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 2012-nji maliýe ýyly üçin döwlet býujetiniň proýektini Kongresse hödürledi.

Proýekt 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende býujetdäki defisiti 500 milliard dollar gowrak azaltmagy göz öňünde tutýar.

“Býujetdäki ýetmezçilik bilen göreşiň hakyky ýoly - ähli ugurlar boýunça artykmaç çykdajylary azaltmak. Şeýle çykdajylar, hususan-da, içerki programmalarda, goranyşda, saglygy saklaýyşda ýüze çykarylar” diýip, ABŞ-nyň prezidenti Merilend ştatynyň Baltimor şäherinde eden çykyşynda aýtdy.

Amerikan prezidentiniň sözlerine görä, býujetiň kabul edilmegi ýakyn 10 ýylda býujetdäki ýetmezi bir trillion dollar gowrak azaltmak ugrunda ilkinji ädim bolar.

Respublikanlar proýekti tankytlap çykyş etdiler. “Döwlet çykdajylaryny azaltmak barada Obamanyň edýän teklibi ýeterlik däl, barybir defisit gaty uly bolmagynda galar” diýip, olar aýdýarlar.