Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygyna saparyny tamamlady

Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygyna iki günlük resmi saparyny tamamlady.

Penşenbe güni saparynyň soňky güni türkmen prezidenti Bahreýn Patyşalygynyň ençeme möhüm döwlet obýektlerine sapar etdi.

Hususan-da, ol dünýäde iň uly transport obýektleriniň biri hasaplanylýan we Bahreýn Patyşalygy bilen Saud Arabystany baglanyşdyrýan esasy awtomobil köprüsiniň transport-dolandyryş merkezine baryp gördi.

Mundan daşary, prezident G.Berdimuhamedow «Formula-1» halkara awtomobil ýaryşlarynyň geçirilýän meşhur awtodromuna hem sapar etdi.

Şeýle-de, düýnki saparynyň barşynda G.Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň atçylyk-sport kompleksiniň işi bilen-de ýakyndan tanyşdy.