10-njy fewralda Bişkekde geçen gyrgyz-rus hökümetara komissiýasynyň maslahatynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi.
Gyrgyzystan Orsýeti özüniň strategik partnýory hasaplaýar. Meselem, Gyrgyzystan ýangyjyň 90%-ni Orsýetden alýar. Orsýetde 100 müňläp gyrgyzystanly zähmet migrantlary işläp, gazanç edýär. Gyrgyzystanyň 2010-njy ýyldaky 4 milliard 269 million dollarlyk daşky söwdasynyň 30%-i Orsýet bilen aradadyr.
Bişkek "Kambar Ata-1" ýaly uly proýektleri Moskwa bilen bile amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Şeýle-de Gyrgyzystanyň ýurduň günortasyndaky gaz we nebit känlerini özleşdirmegi "Gazproma" tabşyrjakdygy barada maglumatlar bar.
Harby pudakdaky hyzmatdaşlykda hem öňegidişlik bar. Emma çözülmeli meseleler hem az däl. Çözülmeli meseleler gyrgyz-rus hökümetara komissiýasynyň 10-njy fewraldaky maslahatynda geňeşildi.
Maslahatda gyrgyz tarapyna Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Ömürbek Babanow, Orsýet tarapyna Orsýetiň Gümrük gullugynyň başlygy Andreý Belýaninow ýolbaşçylyk etdi.
Gyrgyz hökümetiniň metbugat gullugyndan alnan maglumata görä, Bişkekdäki maslahatda iki ýurduň gümrük, çarwa, energetika, transport we beýleki pudaklary boýunça ekspertleri duşuşdylar.
Gullugyň wekili Bolot Jumabaýewiň sözlerine görä, 12-nji maslahatda: söwda-ykdysady, ylym we tehnika, gumanitar sferadaky hyzmatdaşlyklar boýunça 11-nji maslahatda seredilen meseleleriň amala aşyrylyşy, Gyrgyzystanyň we Orsýetiň hökümetleriniň arasynda 2011-2013-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň programmasy ýaly meseleler geňeşildi.
Bakyýew döwründe gatnaşyk ýaramazlaşdy
Gyrgyz-rus hökümetara komissiýasynyň öňki, 11-nji maslahaty 2010-njy ýylyň fewralynda geçirilip, ondan hiç hili netije bolmandy. Oňa şol döwürde Gyrgyzystanyň Orsýet bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagy sebäp bolupdy.
2009-njy ýylda prezident Bakyýewiň döwründe iki ýurduň arasynda uly şertnamalara gol çekildi. Orsýet tarapy onuň netijesinde Gyrgyzystana 150 millon dollar grant, 300 million dollar karz pul wada beripdi. Taraplar "Kambar Ata-1" GES-niň gurluşygyna başlamagy ylalaşypdylar. Bu gurluşyk üçin Orsýet tarapy 1 milliard 700 million dollar pul wada beripdi. Munuň öwezine gyrgyz tarapy ABŞ-nyň harby bazasyny Gyrgyzystandan çykarjakdygyny aýdypdy.
Emma Bakyýew harby bazany çykarmady. Netijede "Kambar Ata-1" GES-niň gurluşygy-da durdy. Orsýet tarapy 2010-njy ýylyň aprelinden Gyrgyzystana eksport edýän ýangyjyna goşmaça töleg girizdi.
2010-njy ýylyň aprelinde Gyrgyzystanda hökümet çalşandan soň, taraplar gaýtadan bilelikdäki proýektleri amala aşyrmaga girişdiler. Golaýda, wagtlaýyn bolsa-da, ýangyja tölenýän goşmaça gümrük tölegi ýatyryldy. Ýangyç 8 soma çenli arzanlady.
Orsýetiň delegasiýasynyň wekilleri penşenbe güni prezident Roza Otunbaýewadyr premýer-ministr Almazbek Atambaýew bilen hem duşuşdylar.