“Manas”: ýangyç üpjünçiligi boýunça ylalaşyldy

“Manas” howa bazasyndaky tranzit ýük daşaýan merkezi ýangyç bilen üpjün etmek üçin Waşington millonlap pul sarp edýär.

ABŞ-nyň Gyrgyzystandaky tranzit ýük daşaýan merkezini ýangyç bilen üpjün etmek barada ABŞ bilen Gyrgyzystanyň arasynda ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekildi. Onuň netijesinde Gyrgyzystanyň gaznasyna ýylda 60 million dollara golaý pul düşjekdigi aýdylýar.

“Manas” howa bazasyndaky tranzit ýük daşaýan merkezi ýangyç bilen üpjün etmek üçin Waşington millonlap pul sarp edýär. Bu baza ýylda 360-400 müň tonna töweregi ýangyç zerur. Indi onuň deň ýarpysyny geçen ýyl Wagtlaýyn hökümet tarapyndan düzülen“Manas” döwlet edarasy üpjün eder.

Öňki prezidentler Askar Akaýewiň hem-de Kurmanbek Bakyýewiň döwründe bu bazany ýangyç bilen “Mina corporation” hem-de “Red star enterprises” kompaniýalary üpjün edýärdiler. Olar birnäçe ýerli kompaniýalar bilen işleşýärdi. Şol ýerli kompaniýalaryň öňki prezidentleriň maşgala agzalary bilen bile işläp, millionlap pullary öz hasaplaryna geçirendikleri aýdylýar.

Geçen ýylyň 7-nji aprelindäki wakalardan soň döredilen Wagtlaýyn hökümet tranzit merkezini ýangyç bilen üpjün etmek işiniň korrupsiýalaşandygyny, şonuň netijesinde ýurduň býujetiniň millionlap amerikan dollary möçberinde zyýan çekýändigini ýüze çykardy.

Baş prokratura bu iş boýunça jenaýat işini açsa-da, hakykatda bu jenaýatyň henize çenli-de üsti açylmady. Baş prokuror Kubatbek Baýbolow Bakyýewiň bu korrupsion shemany parlament arkaly kanunlaşdyrandygyny, şonuň üçin kanuny bozmalary anyklamagyň kyn düşýändigini mälim etdi.

“Manas” atly ýangyç guýýan döwlet edarasynyň resmileri tranzit merkezine zerur ýangyjyň 50%-ni üpjün edip biljekdigini aýdýarlar. Munuň üçin gyrgyz tarapy Orsýetiň “GazpromNeft AERO” kompaniýasy bilen goşma kärhana açdy. ABŞ hem olar bilen işleşmäge garşy bolmady.

Açyklyk islenýär


ABŞ-nyň Gyrgyzystandaky ilçisiniň orunbasary Larri Mammot ylalaşyga gol çekilenden soň, “Manas” howa bazasyny ýangyç bilen üpjün etmekde açyklygyň bolmalydygyny belläp geçdi: “Biz ylalaşyga gol goýup, täze prosese başladyk. Şu gün bu ugurda ilkinji ädimi ädýäris. Biz bu ýerde pul bilen bagly ähli operasiýalaryň açyk bolmagyny, ýagny ähli puluň Gyrgyzystanyň býujetine düşmegini isleýäris”.

“Manas” ýangyç guýýan edaranyň direktorynyň orunbasary Tilek Isaýew ýangyjyň diňe Orsýetden däl, eýse beýleki döwletlerden, ýagny Belarusdan we Latwiýadan hem alynjakdygyny aýtdy.

Käbir çeşmelerde ABŞ-nyň harby bazasyny ýangyç bilen üpjün etmek boýunça henizem öňki shemanyň işleýändigi aýdylýar. Meselem, “Mega Oil” kompaniýasy “Mina corporation” kompaniýasynyň töwereginde dawanyň turan wagtlary gümrükhanada duran 15 müň tonna ýangyjy tranzit merkezine satandygy aýdylýar.

Internet saýtlary “Mega oil” kompaniýasynyň bu söwdadan 1, 5 million dollar peýda görendigini, kompaniýanyň arkasynda ýokary wezipeli şahslaryň durandygyny ýazdy. Emma hökümet wekilleri “Mega oil” barada hiç hili maglumat bermediler.