Iki Koreýanyň arasyndaky harby gepleşikler bozuldy

Çarşenbe güni Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky geçirilýän harby gepleşikler bozuldy.

Seulyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, iki ýurduň arasyndaky dartgynlylygy aradan aýyrmagy maksat edinen bu gepleşikleri Demirgazyk Koreýanyň serkerdeleri terk edipdir.

Harby resmiler iki yurduň arasynda geçirilmegi planlaşdyrylýan ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibi boýunça dil tapyşyp bilmändirler.

"Demirgazyk tarapy biziň öz pozisiýamyzda berk durmagymyzy tankytlady, şeýle-de olar Çeonan harby gämi wakasy we Ýeonpýeong adalaryna ot açylmagy barada öz pikirlerini aýdyp, duşuşyk ýerini terk etdiler” diýip, Günortda Koreýanyň polkownigi Moon Sang-kýun aýtdy.

Moon Sang-kýun bu gepleşiklerde Günortda Koreýanyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk etdi.

Bu gepleşikler Demirgazyk Koreýanyň Günortda Koreýanyň adalaryny oka tutmagyndan soň geçirilýän ilkinji şeýle duşuşykdy.