Berdimuhamedow Eýranyň wise-prezidentini kabul etdi

Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň wise-prezidenti hem-de medeni miras, sungat we turizm meseleleri boýunça döwlet guramasynyň başlygy Hamid Begaýini kabul etdi.

Hamid Begaýi Eýranyň Türkmenistandaky medeni günleriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýörite hökümet delegasiýasyna ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapara bardy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň gumanitar sferadaky hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýranyň Içeri işler ministrliginiň internet saýtyna salgylanylyp, ýakyn wagtlarda ýurduň içeri işler ministri Mustafa Muhammed Najaryň hem Türkmenistana sapar etjekdigi habar berilýär.

Bu resmi maglumata görä, bu saparyň barşynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda howpsuzlyk meselesi boýunça özara ylalaşyga gol çekiler diýlip garaşylýar.