Eýranda amerikan raýatlaryna sud edilýär

Birleşen Ştatlaryň raýatlary Şeýn Bauer (çepde), Joş Fattal (sagda) sud diňlenişiginde, Tähran, 6-njy fewral 2011-nji ýyl.

Eýranda içalyçylykly işlerde aýyplanylyp tussag edilen amerikan raýatlarynyň işi bilen baglanyşykly sud diňlenişigi ýekşenbe güni ýene gaýtadan ýola goýuldy.

Birleşen Ştatlaryň raýatlary Şeýn Bauer, Joş Fattal we Sarah Şourd dagylar 2009-njy ýylyň 31-nji iýulynda Eýranyň Yrak bilen serhet ýakalarynda tussag edilipdiler.

Eýranyň häkimiýetleri olaryň üçüsini-de içalyçylykly maksatlar bilen serhetden bikanun geçenlikde aýyplaýarlar. Öz gezeginde bu amerikan raýatlary Eýran bilen Yragyň serhetlerine golaý ýerde pyýada syýahat edip ýorkäler, hiç hili serhet belgileriniň ýoklugy sebäpli, totänleýin serhetden geçendiklerini aýdýarlar.

Tussag edilenlerden üçünjisi Sarah Şourd geçen ýylyň sentýabrynda girewine 500 müň amerikan dollaryny goýmak esasynda tussaglykdan boşadylyp, Birleşen Ştatlara goýberlipdi. Ýöne Eýranyň sudy onuň işi boýunça-da gaýybana höküm çykarar.

Tussaglykdaky Şeýn Bauer bilen Joş Fattal indi 1,5 ýyl bäri Eýranyň türmesinde bolmaklarynda galýarlar.

Eýranyň kanunyna görä içalyçylykly işler üçin adama ölüm jezasy hem berlip bilinýär. Emma bu aýyplanýanlaryň aklawçysy Masud Şafi öz müşderileriniň jenaýatçylykda aýyplanmaklary üçin hiç hili esasyň ýokdugyny nygtamak bilen, suduň olary günäsiz diýip yglan etmegine umyt baglaýandygyny aýdýar.

Bu amerikan raýatlary içalyçylyk meselesinde günäsiz diýlip tapylaýanda-da, olara serhetden bikanun geçmekde günä bildirilmegi mümkin. Aklawçy Masud Şafi şeýle kanun bozmalar üçin Eýranyň kanuny boýunça adama 1,5 ýyldan 3 ýyla çenli türme tussaglygynyň berlip bilinýändigini aýdýar.

“Esas ýok”

Ýöne Masud Şafi öz müşderileriniň eýýäm Eýranyň türmesinde 1,5 ýyl oturandyklaryny bellemek bilen, olaryň bu aýyplama boýunça-da tussaglyga höküm edilmekleri üçin esasyň ýokdugyny öňe sürýär.

Aklawçy Masud Şafi öz müşderileri Şeýn Bauer we Joş Fattal bilen özüniň duşuşmagyna Eýranyň häkimiýetleriniň indi geçen ýylyň sentýabryndan bäri rugsat bermän gelýändiklerini aýtdy.

“Özümiň gaýta-gaýta eden haýyşyma garamazdan, edil häzirki pursata çenli men Şeýn we Joş bilen duşuşmak üçin rugsat alyp bilmedim” diýip, aklawçy Masud Şafi belledi.

Ýekşenbe güni Eýranyň resmi IRNA habar agentligi Şweýsariýanyň Eýrandaky ilçisine ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýän bu sud diňlenişigine gatnaşmaga rugsat berilmändigini habar berdi. Şweýsariýanyň ilçihanasy Eýranda Birleşen Ştatlaryň hem bähbitlerini gorap çykyş edýär.

Eýran şu çaka çenli amerikan raýatlary Şeýn Bauer bilen Joş Fattalyň azatlyga goýberilmegi barada Waşingtonyň edip gelýän haýyşlaryny kanagatlandyrman geldi. Ýöne Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad ýakynda eden çykyşlarynyň birinde bu iki amerikan raýatynyň Birleşen Ştatlarda esassyz ýagdaýda tussag edilen Eýranyň raýatlaryna çalşylyp bilinjekdigini ýaňzydypdy.