Baldan bala süýji, emma...

Häzir 2-3 çaga dogurýan eneleriň sany artdy, 4-5 çaga dogurmak islegi bar enelere hem köp duşsa bolýar.

Tebigatyň kanuny boýunça adamzat öz dowamatyny dowam edýär. Şeýle-de bolsa, bu durmuşda kim çaganyň dyrnagyna zar, kimse bolsa öz bagryndan öndüren perzendini zir-zibile oklaýar.

Öňler Türkmenistan köp çagaly maşgalalaryň sanawy boýunça häzirki GDA ýurtlarynyň düzüminde öňdäki orunlarda durýardy. 5 çaga dogran zenanlar eýýäm enelik medalyna mynasyp bolýardylar. 8 çagadan köp çagaly eneleriň döşüni “Gahryman ene” ordeni bezeýärdi. Türkmenistanda 9 çaga dogran enelere adaty köp çagaly ene hökmünde garalýardy. 11,12,13,14, hatda 16 çagaly enelerem sanardan köpdi.

Çaga doglan wagty döwlet tarapyndan berilýän kömek pulundan başga-da, çaga 12 ýaşaýança her aýda tölenýän posobiýalar hem ýola goýlup, köp çagaly eneler döwletiň üns merkezinde durýardy. Köp çagaly hem-de ekiz ýa üçem çaga dogran eneleriň ýaşaýyş jaý meselesi bökdençsiz çözülip, eneler iş orunlary bilen hem doly üpjün edilýärdi.

Eneler üçin kyn döwür

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda enelere berilýän goldawlar doly ýatyryldy. Köp çagaly eneler çaga pullaryny, jaý nobatlaryny ýitirdiler. Ýurtda ykdysady kynçylygyň, şeýle hem neşekeşligiň ösmegi bilen ýaş maşgalalarda çaga dogurmak peselip başlady. Bir ýa ikiden artyk çagany dünýä indermekden ene-atalaryň saklanmagy netijesinde 2000-2005-nji ýyllar aralygynda mekdeplerde çaga ýetmezçiligi sebäpli, birinji klasy düzmekde bökdençlikler döräp başlady.

Işsizligiň artmagy bilen ençeme ýaş gyzlar ahlak taýdan bozuldylar, olaryň köpüsi maşgala gurmagy unutdylar, ýa bolmasa dürli sebäpler bilen ýurtdan çykyp, daşary döwletlere gitdiler. Şeýle ýagdaý az bolsa-da, entekler hem dowam edýär.

Bozulýan ýaş gyzlaryň aglabasy göwresinde dörän ilkinji çagany abort etmek bilen aýyrdýarlar. Birnäçe gyzlar bolsa tejribesizlikden abort etdirmegi oňarman, çaga dünýä inenden soň, ony çaga dogrulýan öýlerde goýup gaýdýarlar ýa bolmasa zir-zibile oklaýarlar.

Indi döwletden goldaw bar

S.Nyýazowyň aradan çykmagyndan soň, çagaly eneleriň gerdeninden galdyrylyp başlandy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna geçmegi bilen, onuň ilkinji aladalarynyň biri çaga dogran enelere kömek pullaryny hem-de çagalar üçin çaga posobiýalaryny bermek barada boldy. Başda çagalar bir ýarym ýaşaýança bellenen çaga pullary tapgyrlaýyn artdyrylyp, häzir ony çagalar üç ýaşaýança tölemek barada karar kabul edildi.

Berilýän çaga pullarynyň möçberi o diýen uly bolmasa-da, bu çäreler ýaş enelerde ynam, durmuşa höwes döretdi. Onlarça ýyl boşap galan çaga dogrulýan öýleriň palatalary ýene-de gujagy bäbekli enelerden dolup başlady. Häzir 2-3 çaga dogurýan eneleriň sany artdy, 4-5 çaga dogurmak islegi bar enelere hem köp duşsa bolýar.

Durmuş welin arzan däl

Çaga dogurýan eneleriň sanynyň artýandygy göze ilse-de, çagaly bolmak üçin kynçylyk çekýän zenanlar hem ýok däl. Sosial ýagdaýlarynyň pesligi, saglyklarynyň gowşakdygy, belki-de, ekologiýanyň täsiri bilendir, ýaş zenanlaryň arasynda göwreli bolmaýan zenanlar örän kän. Lukmanlara ýüz tutan halatlary olarda ene bolmak ukybynyň bardygy aýdylsa-da, lukmanlar tarapyndan bejergi almaga köp zenanlarda mümkinçilik ýok. Sebäbi şeýle bejergileriň bahasy 2-2,5 müň amerikan dollaryna barabar. Işsiz zenanlar bu möçberdäki puly töläp bilmeýärler.

Çaga dogrulýan öýlerde taşlanyp gaýdylýan çagalary özüňe ogulluga ýa gyzlyga almak üçin uzak garaşmaly, çaga almak üçin nobatlar uzyn.

Hakyky sebäp gözlenmedi


2010-njy ýylyň 25-nji dekabrynda Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde gündiziň güni ýaňyja doglan oglan bäbejigi 3-4 gat kagyz bukja salyp bazaryň hajathanasyna taşlap gidýärler. Şäheriň ähli polisiýa işgärleri bu ýaramaz işi eden enäni gözlemek üçin aýaga galdylar. Emma ýaş eneleriň şular ýaly ýagdaýa gelmekleriniň sebäplerini gözlemek barada hiç kim oýlanmady.

Ýurtda dörän işsizlik, neşekeşlik, güzeran ýagdaýynyň agyrlygy türkmen zenanlaryny dürli ýaramazlyklara iterdi. Durmuşyň kynçylyklaryna döz gelip bilmeýän, hiç ýerden goltgy tapmaýan zenanlaryň ýürekleri gataýar. Öz düşen ýagdaýyny hiç kime aýdyp bilmän, olar şeýle ýaramaz işleri etmäge mejbur bolýarlar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.