Gyrgyzystan: “Alfany” jenaýata iterenler kimler?

Geçen ýylyň aprelinde Bişkekde bolan bidüzgünçilikde asuda ýaşaýjylar hem ölüpdi.

Ženişbek Babaraýymow Bişkegiň golaýyndaky obada amala aşyrylan terrorizme garşy operasiýada ölenden soňra, gahryman boldy. Kanun çykaryjylar Döwlet howpsuzlyk gullugynyň “Alfa” elita toparynyň ofiserini halky we döwleti “terroristlerden” gorandygy üçin öwdüler.

“Alfa” aýyplanýar


Polisiýa güýçleri Oşda operasiýa geçirýär, 17-nji iýun.
Emma Babaraýymow we onuň gulluk eden “Alfa” topary geçen ýylyň aprelinde Bişkekde bolan bidüzgünçilikde asuda ýaşaýjylary öldürenlikde aýyplanýarlar. Ýöne olar özlerini goraýarlar. Şol wakalar öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň häkimiýetden gitmegine sebäp boldy. Geçen ýylyň 7-nji aprelinde protestçiler we hökümet güýçleri çaknyşanda, parahat ilatdan 80 çemesi adam öldi.

Emma, tankytçylaryň pikiriçe, prezidentiň köşgüne ot açan protestçiler hiç wagt tussag edilmedi. Bakyýew we onuň hökümet agzalary howpsuz ýagdaýda ýurdy terk edenden soňra, “Alfa” topary hem onuň agzalary esasy günäkär bolup galdylar diýip, tankytçylar belleýärler.

Babaraýymowyň dogany Adylyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Ženişbek günäsizdigine ynanardy: “Meniň doganym, ekspertizanyň görkezişi ýaly, özüniň günäsizdigini aýtdy. Biziň häkimiýetlere köpsanly soragymyz bar. Eýse, näme üçin oňa garşy sud boldy? Wagt onuň günäsizdigini görkezdi. Biz onuň ähli günälerden aklanjakdygyna umyt edýäris. Meni bagyşlaň, biz häzir doganymy jaýladyk. Entek onuň mazarynyň gumy hem guranok. Men mundan artyk bir zat aýdyp biljek däl”.

“Alfanyň” ofiserleri bu toparyň komandiri Almaz Joldaşalyýewiň suda çekilmegine garşydygyny görkezdiler. “Alfanyň” söweşijileriniň hossarlary hem proteste çykdylar. Hatda adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň käbiri-de sudda “Alfanyň” agzalaryny goldadylar. Olary goraýan aklawçylar toparynyň başlygy Çolpon Jakupowa bolsa Babaraýymowyň ölümi bilen baglanyşykly sud prosesini togtatmaga çagyrdy.

Kanuny esas

Gyrgyzystanyň terrorizme garşy operasiýalaryny amala aşyrýan Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygy, general Artur Medetbekow “Alfanyň” we beýleki elita güýçleriniň işleri baradaky kanunlary şeýle düşündirýär: “Gyrgyzystanda terrorizme garşy göreş barada ýörite kanun bar. Şeýle-de milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň işleri barada hem kanun bar. Mundan başga-da “Harby gullukçylaryň statusy” hakynda kanun bar. “Alfa” topary hem şol kanunlar esasynda iş alyp barýar. Iň esasy wezipe – terrorizme we dini ekstremizme garşy göreş. Şonuň ýaly-da, olary ýurtda köpçülikleýin bidüzgünçilik bolanda, ýurdy, onuň özbaşdaklygyny we terrotorial bütewiligini goramak üçin ulanmak mümkin”.

Geçen ýylyň aprelinde Bişkekdäki we iýunda ýurduň günortasyndaky etniki çaknyşyklarda 500-den gowrak adam öldürildi. Ýurduň günortasynda ýagdaýlar dartgynlylygyna galýar. Bu sebitdäki resmiler terrorizm howpunyň ösýändigini duýdurýarlar. Soňky hepdelerde bu ýerde ýaraglary döwletiň haýryna geçirmek juda köpeldi.

Hökümet 2011-nji ýyldan başlap, hukuk goraýjy edaralar we howpsuzlyk gulluklar baradaky kanuna goşmaçalar girizdi. Eger ýagdaýlar hasam ýaramazlaşsa, onda ýene-de Gyrgyzystan “Alfa” ýaly toparlaryň goragyna mätäç bolar. Netijede, Ženişbek Babaraýymow ýaly ofiserler tabşyryk alarlar we abanýan howplary ýok ederler ýa-da azaldarlar.

Diýmek, parlamentiň öňki başlygy Mukar Çolponbaýewiň aýdyşy ýaly, “Alfanyň” agzalaryny aprel wakalaryndaky roly üçin sud etmek geljek üçin töwekgel iş bolar.