Türkiýaniň premýeri Erdogan Gyrgyzystana bardy

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Almazbek Atambaýew (sagda) Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogany garşylaýar, 2-nji fewral, 2011-nji ýyl.

Çarşenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan resmi iş sapary bilen Gyrgyzystana geldi. Ol Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa we premýer-ministri Almazbek Atambaýew bilen duşuşyp, ikiçäk gepleşikleri geçirdi. Ol Gyrgyzystanyň parlamentinde hem çykyş etdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan çarşenbe güni gyrgyz prezidenti Roza Otunbaýewa bilen duşuşdy. Otunbaýewa Erdogany iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin Gyrgyzystanyň ýokary derejeli sylagy “Danaker” ordeni bilen sylaglady.

Erdogan we Gyrgyzystanyň premýer-ministri Almazbek Atambaýew iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyklara gol çekdiler. Olar Gyrgyzystan bilen Türkiýäniň arasynda döwletara geňeşini düzmegi hem karar etdiler.

Döwletara geňeşiň birinji maslahaty üstümizdäki ýylyň mart aýynda Türkiýede geçiriler. Maslahatda Gyrgyzystandaky reformalaryň amala aşyrylyşy, ykdysadyýeti ösdürmek barada edilýän işler, ýurda inwestisiýa çekmek meseleleri masalahatlaşylar.

Bişkekdäki häzirki duşuşykda Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň premýer-ministrleri iki ýurduň arasyndaky wiza režimini 2011-nji ýylyň ahyryna çenli doly ýatyrmak barada ylalaşyga geldiler. Bu hakda gyrgyz premýeri Atambaýew habar berdi.

Goldaw bildirildi

Erdogan Gyrgyzystanyň ”Ýokary Geňeşinde” çykyş edip, Gyrgyzystanyň kabul eden parlament dolandyryş sistemasyny goldaýandygyny aýtdy. Ol 2010-njy ýylda Gyrgyzystanyň Merkezi Aziýada biriji bolup, parlament dolandyryş sistemasyny saýlap alandygyna ünsi çekdi.

Erdogan metbugat konferensiýasyna çykyş edýär, Bişkek, 2-nji fewral.
“Parlament dolandyryş sistemasy dünýäniň birnäçe ýurtlarynda synagdan geçdi. Gyrgyzystanda bu sistemanyň geljegine şübhelenmeli däl” diýip, Erdogan aýtdy. Ol häzirki koalision hökümetiň öz wezipelerini ýerine ýetirip biljekdigine ynanýandygyny hem bildirdi.

Erdoganyň saparynyň öňüsyrasynda Bişkekdäki “Haýat” atly myhmanhanada gyrgyz-türk işewürleriniň forumy hem başlandy.

Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň 9 aýynda 107 million dollara ýetipdi. Şondan Gyrgyzystanyň eksporty 30 million dollar töweregi. Türkiýeden gelen harytlaryň möçberi 77 million dollara ýetdi. 2008-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 136 millon dollara barypdy.

Türkiýe Gyrgyzystanyň iň uly inwestorlarynyň biri hasaplanýar. Gyrgyzystanyň Ykdysady barlaglar ministrliginiň maglumatyna görä, bu ýurtda 250-ä golaý gyrgyz-türk bilelikdäki kärhanalary bar.

Parlamentiň deputaty Çynybaý Tursunbekow Erdoganyň saparyny Gyrgyzystana moral goldaw diýip kabul etmelidigini aýdýar: “Bize ilkinjileriň hatarynda Türkiýäniň premýeriniň 200-den gowrak agzaly delegasiýa bilen gelmeginiň biziň döwletimize bolan kömek hem goldawdygy gürrüňsizdir”.

Gatnaşyklaryň taryhy

Gyrgyzystan bilen Türkiýäniň gatnaşyklary 1991-nji ýyl Gyrgyzystan garaşsyzlyga çykansoň, ýola goýuldy. Ankara 1992-nji ýylda Bişkekde Türkiýäniň ilçihanasyny açdy. Emma şol döwürde Türkiýäniň hökümeti tarapyndan berlen 75 million dollar we "Ak keme" myhmanhanasy bilen bagly çekişmeler iki ýurduň gatnaşyklaryna ýaramaz täsir edipdi.

Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül 2009-njy ýylyň maý aýynda Bişkekde bolupdy. Onuň şol sapary Gyrgyzystanyň ABŞ-nyň harby bazasyny Manasdan çykarmakçy bolan döwrüne gabat gelipdi. Gülüň saparyndan soň, şol wagtky prezident Kurmanbek Bakyýew bazany ýurtda galdyrmak kararyna gelipdi, emma muňa Gülüň nähili täsiriniň bolandygy belli däl.

Gyrgyzystan bilen Türkiýäniň arasynda ykdysady gatnaşyklary, esasan söwda gatnaşyklaryny ösdürmek barada köp aýdylýar. Haryt dolanşygyny 500 million dollardan aşyrmak planlary barada hem maglumat ýaýradyldy. Iki ýurt bilim pudagynda hem hyzmatdaşlyk edýär. Bişkekde Türkiýäniň onlap liseýleri, gyrgyz-türk Manas uniwersiteti we hususy “Alatoo”uniwersiteti ýaşlara bilim berýär.