Orsýet Ýeltsine başgaça garap başlady

Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew Ýeltsiniň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşýar, 1-nji fewral, 2011-nji ýyl.

1-nji fewralda garaşsyz Russiýa Federasiýasynyň ilkinji prezidenti Boris Ýeltsiniň doglan gününiň 80 ýyllygy bellenilip, onuň dogduk şäheri Ýekaterinburgda dikeldilen heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.
Ýeltsin 2007-nji ýylda ruslaryň arasynda abraýy pese düşende, aradan çykdy. Emma Orsýetiň ilatynyň arasynda kommunistik režimi dargadan adam hökmünde tanalýan Ýeltsiniň abraýy ýuwaş-ýuwaşdan dikelýäne meňzeýär.

Boris Ýeltsiniň ilkinji heýkelini Moskwada-da dikip bolardy. Emma her halda Ural daglarynyň golaýynda ýerleşýän Ýekaterinburg şäherinde dikilen bu heýkel kommunizm režimi dargaly bäri görnükli syýasatça bagyşlanan ilkinji heýkel boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Orsýet Ýeltsini ýatlaýar


Bu heýkeliň açylyş dabarasynda çykyş eden Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew Ýeltsiniň öz watanyny söýendigini, onuň örän batyrgaý hem aýgytly adam bolandygyny aýtdy. Emma resmi Kreml Ýeltsini häzirki awtoritar režimiň esasyny döreden adam hökmünde taryplasa-da, dünýäniň dürli künjeginde Ýeltsin Orsýete ilkinji bolup, demokratiýany getiren adam hökmünde tanalýar.

Göreşde özüni görkezipdi

Lider hökmünde Boris Ýeltsin ilkinji gezek 1991-nji ýylyň awgust aýynda kommunistik režime wepaly bir topar adam tarapyndan köne režimi dikeltmek üçin edilen synanşygyň garşysyna göreşde özüni görkezdi. Şonda, Orsýetiň taryhynyň möhüm pursatynda, Ýeltsiniň özi tankyň üstüne münüp, ildeşlerini reaksion dildüwşüge garşy çykmaga çagyrdy.

Prezident Boris Ýeltsin Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň öňünde çykyş edýär, 19-njy awgust, 1991-nji ýyl.
Şol, 1991-nji ýylyň, soňunda Sowet Soýuzy dargady, Ýeltsin bolsa Orsýetiň ýolbaşçysy hökmünde öňe saýlandy. Onuň prezidentlik döwründe, tä 1999-njy ýylyň ahyryna çenli, Orsýetde gaty çalt depginler bilen reformalar geçirildi. Ýöne soňabaka Ýeltsiniň başga taraplary hem görnüp başlandy. Arak içip, serhoş bolan Ýeltsiniň Berlinde harby orkestre dirižýorlyk edýän pursatynyň wideoýazgysy dünýa metbugatynda peýda boldy.

Prezidentlik wezipesini ýerine ýetiren döwründe Boris Nikolaýewiçiň bäş gezek infarkty başdan geçirendigi aýdylýar. Prezidentligiň ikinji möhletinde köpçüligiň öňüne çykanda, Ýeltsiň käte zordan aýak üstünde durýardy.

1999-njy ýylyň Täze ýyl baýramçylygynda özüniň wezipesinden çekilýändigini yglan edn Ýeltsin halkyna ýüzlenip, otünç sorady: “Men hemme umydyňyzyň başa barmandygy üçin sizden ötünç soraýaryn. Aňsat ýaly görnen käbir zatlaryň gaty agyr bolandygy üçin bagyşlaň diýesim gelýär”.

Şondan soň orsýetlileriň ýarpysyndan gowragynyň Ýeltsine bolan garaýşy negatiw boldy diýip, pikir soralyşyklary geçirmek bilen meşgullanýan garaşsyz “Lewada” merkeziniň beren maglumatlarynda aýdylýar. Häzir bolsa bu ýagdaý ýuwaş-ýuwaşdan özgerýär diýip, bu merkeziň ýolbaşçysy Lew Gudkow belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, häzir orsýetlileriň esasan garyp gatlagyndan 35%-niň Ýeltsiniň şahsyýetine we taryhy roluna bolan garaýyşlary oňaýsyz. Şäher ýerlerinde ýaşaýan bilimli-sowatly adamlaryň Ýeltsin baradaky garaýşlarynyň gowy tarapa özgerýändigini Lew Gudkow nygtaýar.

Tankytlaýanlar hem bar

Ýeltsiniň tankytçylary onuň saýlan mirasdüşeri Putiniň şaherdäki elitany dargadyp, awtoritar režimi dikeldendigini aýdýarlar. Ýakynda oppozisiýanyň liderleriniň biri Boris Nemtsow Moskwada protest demonstrasiýasyna gatnaşandygy üçin iki hepde türme tussaglygynda saklandy.

Boris Nemtsow Ýeltsiniň döwri barada şeýle diýýär: “Häzir gitdigiçe köp adam 1990-njy ýyllarda bolan azatlygyň, erkinligiň gadyryny bilip başlady. Şol döwürde ykdysady taýdan gaty agyr bolan hem bolsa, ol döwrüň, Putiniň häzirki rehimsiz döwri bilen deňeşdireniňde, öz romantikasy bardy, adamlarda geljege bolan umyt uludy”.

Boris Nemtsow kommunizmden soňky geçiş döwürde Ýeltsiniň düzen hökümetinde ýaş reformaçylaryň biridi. Ol şol döwürde premýer-ministriň birinji orunbasary wezipesini eýeläp, halk arasynda Ýeltsiniň bolup biljek mirasdüşeri hasaplanýardy.

Nemtsow Putiniň häkimiýeti dolandyrmakda gazanan üstünlikleriniň aňyrsynda nebitiň bahasynyň şol döwürde gymmatlamagynyň ýatandygyna köp ruslaryň düşünmeýändigini aýdýar. Ol: “Ýeltsiniň döwründe bolsa dünýa bazarynda nebitiň bahasy gaty pesdi” diýip belleýär.

2000-nji ýylda häkimiýet başyna gelen Wladimir Putin Ýeltsiniň döwründe geçirilen köp reformalary togtatdy. Şonuň üçin Putiniň ýakyn töweregi Ýeltsiniň döwrüni korrupsiýa hem eden-etdilik bilen baglanşdyrýar. Şeýle propaganda iş ýüzünde Putini, hamana, şol bidüzgünçilikleriň soňuna çykyp, ýurda durnuklylygy hem ösüşi getiren adam hökmünde görkezmek üçin ulanylýar.

“Şeýle ýagdaý saklanyp gelýär. Ol propaganda Putiniň awtoritar režimine kanunylyk hem berklik ätiýaçlylygyny berýär. Ýöne häzir gitdigiçe köp adam Putiniň režiminiň durgunlyga getirýändigine düşünýär” diýip, garaşsyz “Lewada” merkeziniň ýolbaşçysy Lew Gudkow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Prezident Boris Ýeltsin GDA-nyň duşuşygynyň öňüsyrasynda, 30-njy dekabr, 1991-nji ýyl.
Dünýäde Boris Ýeltsin demokratik reformalary öňe süren adam hökmünde tanalsa-da, onuň ýolbaşçylyk eden döwri başa barmadyk birnji çeçen urşy bilen hem taryhda galdy. Şeýle hem Ýeltsiniň döwründe döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy gümürtik ýagdaýda geçirilip, Kremle ýakyn telekeçileriň bikanun baýamagyna ýol açypdy.

Emma, muňa garamazdan, Ýeltsiniň tarapdarlary Putiniň režiminiň korrumpirlenmegi bilen deňeşdireniňde, Ýeltsiniň döwründäki korrupsiýa ujypsyz bolup görünýär diýen pikiri öňe sürýärler. Boris Nemtsow “Ýeltsin taryha Orsýet demokratiýasynyň esasyny tutujy hökmünde girdi. Onuň taryhdaky bu orny geljekde ykrar ediler” diýýär.

Tankytçylaryň pikiriçe, Boris Ýeltsin özüniň mirasdüşeri hökmünde Putini saýlamak bilen 1991-nji ýylda halka beren wadalaryna dönüklik etdi. Ýeltsiniň öňki ýaranlary bolsa onuň şahsy söhbetdeşlikde Putiniň dolandyrmagynda Orsýetiň awtoritar döwlete öwürlendigine özüniň gaty gynanýandygyny aýdandygyny gürrüň berdiler.