Alty gün bäri Müsürde hökümete garşy demonstrasiýalar dowam edýär.
Müsüriň oppozision liderleriniň biri, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Mohammed El-Baradeý ýurtda geçiş hökümetini düzmäge we erkin saýlawlary geçirmäge çagyrdy.
Ýaňy-ýakyna çenli BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugyna ýolbaşçylyk eden El-Baradeý Wenadan Kaire gelip, şondan öň žurnalistlere müsürliler haýyş etse, syýasy özgerişligi ugrukdyrmaga kömekleşmek üçin dolanandygyny aýdypdy.
CNN telekanalyna beren interwýusynda El-Baradeý köpçülikleýin tolgunyşyklara getiren demonstrasiýalarda iş başyndan çekilmegi talap edilýän Hosni Mubaregiň eglenmezden wezipeden gitmelidigini nygtady.
Mundan öň “Musulman doganlar” atly radikal yslam hereketi häkimiýetler bilen bolmagy mümkin gepleşiklerde oppozisiýa wekili hökmünde El- Baradeýiň kandidaturasyny goldapdy.
ABŞ Müsürde erkin saýlawlar geçirmek we demokratik prinsiplerde gurnalan täze hökümete häkimiýeti guramaçylykly geçirmek barada çykyş edýär. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton “Fox News” telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.
“Alty gün bäri dowam edýän köpçülikleýin protest aksiýalaryna gatnaşyjylaryň talaplaryna golaýlaşmak üçin Müsüriň prezidenti Hosni Mubarek iş ýüzünde hiç zat etmedi” diýip, Klinton belledi.
Kairde we beýleki şäherlerde girizilen komendant sagat düzgüni ýerine ýetirilmeýär, öňküleri ýaly onlarça müň adam aksiýalara gatnaşýar. Köp sanly garakçylyklar, weýrançylyklar hasaba alyndy, milli muzeýiň gymmatly eksponatlaryna zeper etdi.
Elleri taýakly adamlar polisiýanyň ornuny doldurmak üçin Kairiň dürli ýerlerinde nobata durýarlar. Olaryň käbiriniň aýtmagyna görä, käbir talaňçylaryň üstünden hökümet ýaraglary we Mubaregiň häkimiýetdäki NDP partiýasynyň dokumentleri tapylypdyr.
“Al-Jazeera” telekanalynyň maglumatyna görä, tolgunyşyklar başlanaly bäri hukuk goraýjy güýçler bilen çaknyşyklarda 150 töweregi adam ölüp, 1,000-den gowragy ýaralanypdyr.
Ýekşenbe güni ýurtda banklar, pul bazarlary, mekdepler ýapyldy. Prezident Hosni Mubaregiň wezipeden çekilmegini talap edýän protest aksiýalary, bidüzgünçikler dowam edýär.
Müsür hökümeti arap dilindäki halkara “Al-Jazeera” telekanalynyň ýurduň içinden gepleşikler bermegini gadagan etdi.
Köçelere harbylar getirildi
Gowuşýan maglumatlara görä, Hosni Mubaregiň häkimiýetden gitmegini talap edýän demonstrasiýaçylar Kairiň merkezi bölegine kontrollyk edýär. Harbylar Müsüriň köçelerine getirildi. Ýöne olar bolup geçýän wakalara goşulmaýar.
Ýurtdaky bulaşyklykdan baş alyp çykmak üçin, Mubarek iki sany harby resmini iň ýokary wezipelere - aňtaw ýolbaşçysy Omar Suleýmany wise-prezidentlige, awiasiýa ministri Ahmed Şafigi bolsa premýer- ministrlige belledi. Olar haýal etmän işe başyna geçdiler.
Kairiň ýaşaýjysy Imad şeýle diýdi: “Protest aksiýalaryna gatnaşyjylary Müsür ýolbaşçylygynda geçirilen özgerişler kanagatlandyrmaýar, olar Mubaregiň wezipeden çekilmegini talap edýärler”.
Ýekşenbe güni Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu, Müsüriň prezidenti Hosni Mubaregiň iş başyndan çekilmegini talap edýän demonstrasiýalara garamazdan, Müsür bilen parahatçylykly gatnaşyklaryň saklanmagyna ynam bildirdi.
Ýewropa döwletleriniň köp sanly baştutany Kairi ýaragsyz demonastrasiýaçylara garşysyna güýç ulanmazlyga çagyrdylar. BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun bolsa şeýle diýdi: “Güýç ulanmakdan ýüz öwürmäge, şeýle-de graždanlaryň esasy hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmaga ýene-de bir gezek çagyrýaryn”.
Amerikan ilçihanasy Müsürden amerikan raýatlaryny çykaryp başlady we olary mümkin boldugyndan tiziräk Müsüri terk etmäge olary çagyrýar.
Türkiýe öz graždanlaryny alyp gaýtmak üçin Müsüre iki ýolagçy uçaryny ugratdy.
Kairde dowam edýän köpçülikleýin bidüzgünçlikleriň gidişinde bu ýerdäki Azerbaýjanyň ilçihanasynyň işgäri Nijat Gojaýew ok ýarasyndan öldi.
Mundan öň äzeri hökümeti Müsürdäki ähli graždanlaryny çykarmak kararyna gelipdi. Şu gün Baku Kaire ýörite uçar ugradýar.
Orsýetiň Daşary işler ministrligi öz raýatlaryny Müsüre gitmekden saklanmaga çagyrdy. Emma orsýetli turistleriň köpüsi Müsüriň kurortlarynda dynç almaga gitmekden ýüz öwürmeýärler.
Dünýä ýurtlary Müsürdäki wakalary ýakyndan yzarlaýarlar. Sebäbi Arap dünýäsiniň iň uzaga çeken režimi üýtgeşiklik talap edýän halk köpçüligi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şu aýyň dowamynda ýüz beren şeýle protestler Tunisiň hökümetini agdardy, soňra bolsa Ýemene, Marokko we Gabona ýaýrady.