Türki halklaryň edebiýaty azeri dilinde

Azerbaýjanda türki halklaryň edebiýatyna degişli üç şahyryň kitaby çap edildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň gatnaşmagynda, Azerbaýjanda türki halklaryň edebiýatyna degişli üç şahyryň kitaby çap edildi.

Olaryň biri ýakyn günlerde doglan gününiň 350 ýyllygynyň bellenmegine garaşylýan Nurmuhammet Andalybyň “Goşgular, poemalar hem dessanlar” atly kitabydyr.

Türkmen klassyky edebiýatyň düýbüni tutujylardan biri Nurmuhammet Andalybyň bu ýygyndysyda onuň golýazmalarynyň iň ygtybar çeşmeden seçilip alnan eserleri girizilipdir.

Azerbaýjan diline terjime edilen ikinji kitap Soltan Huseýin Baýkara degişli bolup, ol “Diwan” diýlip atlandyrylypdyr. Bu kitapda Gündogaryň belli akyldary hasaplanýan Soltan Huseýin Baýkara degişli belli gazallar jemlenipdir.

Soltan Huseýin Baýkara Alyşir Nowaýynyň döwürdeşi bolup, ol halk arasynda şol at bilen tanalýar. Bu iki belli şahs barada “Myraly we soltan Söýün” diýen halk dessany bar. Türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynda hem bu iki şahsyň ady giňden mälimdir.

Ýeri gelende aýtsak, ýene sanlyja günden türki halklar Gündogaryň beýik şahyry, Soltan Huseýin Baýkaranyň döwürdeşi hem ýoldaşy Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 570 ýyllygyny baýram edýär.

Azerbaýjanly alymlar bilen Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň gatnaşmagynda taýýarlanan üçünji kitap Zahuredddin Muhammet Babura degişli bolup, ol “Saýlanan eserler” ady bilen Azerbaýjan dilinde çykypdyr. Bu kitaba Gündogaryň beýik şahyry, döwlet işgäri hem belli harby serkerdesi Baburyň belli eserleri saýlanyp alnypdyr diýip, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri maglumat ýaýratdy.

Bu medeni täzelik barada Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň žurnalisti Röwşen Gambarow şeýle diýýär:

- Azerbaýjanda türkmen edebiýatynyň klassyklarynyň eserleriniň çap edilmegi, meselem, Nurmuhammet Andalybyň, Soltan Huseýin Baýkaranyň we beýlekileriň eserleriniň çap edilmegi bu elbetde, beýik hadysadyr. Başgaça aýdylanda, hem Azerbaýjan-Türkmenistan edebi gatnaşykalary babatyndan beýik hadysadyr, hem umumy türki kontekstinde-de beýik hadysadyr. Çünki türki halklar arasynda, hususan-da Merkezi Aziýada we Azerbaýjanda ýaşaýan türki dilliler arasyndaky tapawut beýle üzňe däl, ýagny arada bir deňiz bar. Biz olara deňiz goňşulary diýip bileris. Gatnaşyklar örän ýakyndyr. Emma edebiýatlaryň iki taraplaýyn terjimelerine ýeňil iş diýip bilmeris.

Türkmenistanyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň klassyklary Azerbaýjan diline köp terjime edildi. Elbetde, Sowet döwründe amatly şertler bolup, ony ugrukdyrmaga mümkinçilik boldy. Azerbaýjan ýazyjylary-da Samet Wurgun, Süleýman Rüstem, Mämmet Araz we başgalar hem türkmen diline terjime edilipdi.

Elbetde, sowet döwründe, men, meslem, aýdyp bilerin, meniň öz kakam Ähedi Muhtar terjimeçi bolup, türkmen edebiýatyndan Täşli Gurbanowyň “Sarygül” eserini türkmen dilinden terjime edipdi.

Elbetde, bu ýerde terjime sözüni-de biz birneme oýlanyşykly ulanmaly. Türkmen we azerbaýjan dilleri örän ýakyn. Bu ýerde, belki, uýgunlaşdyrmak sözüni ulanmak zerurdyr. Sebäbi terjime sözi beýle bir laýyk däl, çünki diller aşa ýakyn. Dykgat bilen seretseň, hususan-da filologiki sowady bolan adamlar ol dilleriň arasynda kän bir tapawut ýokdugyny aýdýarlar.


Soňky ýyllarda Azerbaýjan-Türkmenistan medeni gatnaşyklary barha artýar. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýylda Magtymguly Pygarynyň hem Mollanepesiň eserleri-de Azerbaýjan dilinde çap bolupdy.

Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.