Günorta Täjigistanyň pagta we şaly meýdanlarynda işlemäge şu ýyl täze işçiler gelýär. Ýöne ýerli ilat olaryň geljegine begenip baranok.
Duşenbäniň üstümizdäki hepde 2 müň gektar ýeri Hytaýyň Uýgur özygtyýarly regionyna kireýine bermek kararyna gelendigine täjikler gaharda.
Aslynda täjik parlamentiniň ondan bir hepde ozal ýurduň topragynyň takmynan bir prosentini Hytaýa bermek karary ilaty az gaharlandyrmandy. Täze karar onuň üstüne urna boldy.
Köpler garşy
Azatlyk Radiosy tarapyndan pikiri soralanlaryň köpüsi bu karara garşy. Bir täjik ýigidi bu hakda: “Olar näme üçin Hytaýa ýer berýärler? Ýer berere täjik ýokmy? Täjiklere ýer berlenok. Adamlar gözgyny ýagdaýda ýaşaýarlar. Olar ýeri öz garyplarymyza bermeli” diýýär.
Hökümet: “Täjigistanyň Hytaý bilen gündogar serhetiniň ýakasyndaky ýerler daglyk, ilatsyz. Ol ekerançylyga ýaramly ýerler däl. Onda ne minerallar bar, ne-de başga resurslar” diýip, öz kararyny goraýar.
Ýöne hökümetiň getirýän bu delilleri halkyň gaharyny ýatyryp bilenok. Olar hökümetiň ýer paýlamagyny sorag astyna alýarlar. “Bu ugruň gowy netijesi ýok. Ýer bu gün täjikleriň özüne ýetmezçilik edýär. Ine, Duşenbe bilen onuň töweregine bir serediň, ençeme adama ýer gerek. Olar muňa begenenok. Hökümet muny äsgermezlik etmeli däl” diýip, bir täjik aýdýar.
Täjigistana gelip, Hatlon welaýatynyň Kumsangir we Bohtar etraplarynyň ekin meýdanlarynda işlejek hytaýly daýhanlaryň sany 1500.
Kireýine ýer bermek ylalaşygy barada köp maglumat ýaýratmakdan çetde durýan täjik hökümeti muny ýöne ýere edenok. Ýurtda işsizligiň derejesi şeýle bir ýokary welin, 100 müňlerçe adam migrant işçi bolup, Orsýetde işleýär. Bularyň hem köpüsi erkekler.
Täjigistanyň 93 prosenti daglyk. Galan 7 prosentiniň hem hemmesi sürüme ýaramly ýerler däl. Alynýan pagta we şalynyň köpüsi eksporta gidýär. Esasy azyk önümleriniň ýeterlik däldigini göz öňüne getireniňde daşardan kesekileriň gelip, ekerançylyga ýaramly ýerleri ulanmagy halka ýaramajakdygy belli zat.
“Hytaýyň strategiýasy”
Täjigistanly sosiolog Rustam Haýdarow: “Hytaýly daýhanlaryň gelmegi has uly bir zada tarap ädilýän ilkinji ädim” diýip, duýduryş berýär.
Ol bu barada: “Öz adamlaryny dürli ýurtlarda ýerleşdirmek Hytaýyň strategiýasy. Bu onuň syýasaty. Olar assyrynlyk bilen, duýdurman, ýurdy eýeleýärler. Täjigistanda öz maksatlaryny amala aşyryp, biziň ykdysady syýasatymyza täsir edýärler. Wagtyň geçmegi bilen bu iş öz täsirini syýasata-da ýetirer” diýýär.
Hytaý soňky ýyllarda Täjigistanda takmynan 4 milliard dollar maýa goýdy. Ol ýurtda barýan köp proýektlere hem gatnaşýar. Ýöne Hytaý bu proýektlerde işlemek üçin öz işçilerini iberýär. Onsoň täjik işçilerine iş ýok.
Täjigistanyň migrant işçiler baradaky edarasy Täjigistanda işleýän hytaýly işçileriň sanynyň 2007-nji ýylda 30 müň töweregi bolandygyny aýdýar. 2010-njy ýylda olaryň sany 82 müň töweregi diýip berildi.
Hytaýlylar köplenç ýol gurluşygynda, elektrik stansiýalarynda we magdan işlerinde işleýärler. Proýektler tamamlanansoň, bu işçileriň käbiriniň Hytaýa dolanmaýandygyny aýdýanlar-da bar.
Täze gelýänleriň käbiri söwdägärler. Käbir çaklamalara görä, Duşenbäniň esasy bazarynda öz harytlaryny satýan 100 töweregi hytaýly söwdagär bar. Gelýänleriň sany günbe-gün artýar. Olar arzan harytlary bilen täjik söwdagärlerine basleşik döredýär. Onsoň halkyň olary halamaýanlygy geň zat däl.
Bir hytaýly söwdagär Täjigistanda köp eşiden sözüni orsça gaýtlaýar: “Täjikler: ‘biz sizi islemeýäris, gidiň’ diýýärler” diýýär.