Müsürde prezident Hosni Mubaregiň 30 ýyllyk dolandyryşyna garşy protestler, polisiýanyň gazaply daraşmasyna we esasy şäherlerde komendant sagadynyň yglan edilmegine garamazdan, ýatyşanok.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Müsürde reforma geçirmek barada çykyş edýän we oppozisiýanyň öňbaşçy şahsyýeti Mohammed El-Baradeý hem penşenbe güni prezident Hosni Mubaregiň 30 ýyllyk dolandyrşyna garşy guralýan protestlere goşulmak üçin Kaire gelipdi, emma ol anna güni öý tussaglygyna alyndy.
Nobel baýragynyň eýesi we ýaňy-ýakyna çenli BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugyna ýolbaşçylyk eden El-Baradeý Wenadan Kaire gelip, şondan öň žurnalistlere protestleriňi öňüni çekmäge gelmeýändigini, müsürliler haýyş etse, syýasy özgerişligi ugrukdyrmaga kömekleşmek üçin dolanandygyny aýdypdy.
"Men ol ýerde adamlar bilen bolaryn, hususan-da köçelerdäki parahat demonstrasiýalaryň öňüni çeken, olary gurnan we ugrukdyran ýaşlar bilen bolaryn" diýip, El-Baradeý aýtdy.
Ol: "Men olara elimden geldigiçe syýasy goldaw, ruhy we ahlak goldawyny bermeli. Men olaryň arasynda bolmaly. Olar meniň adamlarym we men şol ýerde bolmaly. Men täze Müsüri görmek isleýärin" diýip, sözüne goşdy.
Mubaregiň dolandyryjy Milli Demokratik Partiýasynyň agzalary Kairde ýagdaýa baha bermek üçin gepleşik geçirýändiklerini aýtdylar.
Musulman doganlygynyň sözçüsi Essam Al-Arian müsürlileler Mubarek režiminiň syýasy basyşlary astynda ýyllarboýy gahar-gazap toplady diýdi. "Bu protestler režim halkyň hakyky talaplaryna jogap berýänçä dowam eder" diýip, ol aýtdy.
Köpçülik gaharly
25-nji ýanwarda köçe protestleri başlaly bäri Müsürde azyndan 6 adam öldi, 1000 çemesi adam bolsa tussag edildi. Müsüriň baş prokurory tutulanlaryň 40-synyň "režimi agdarmak" synanyşygynda aýyplanandygyny aýtdy.
Protestleri gurnaýjylar polisiýa çärelerinden gutulmak üçin öz köçe hereketlerini böleklere bölüp, az adamlaryň gatnaşmagyndaky has ýaýbaň görnüşe geçirýändiklerini aýdýarlar. Polisiýanyň gazaply çemeleşmeleri hem köpçüligiň gahar-gazabyny artdyrýar we Müsüriň beýleki şäherlerinde hem protestleriň dörmegine iterýär.
Häkimiýetler mobil telefon sitemalaryny, "Twitter" we "Faceboook" ýaly, polisiýa dargydan protestçileriň täzeden çalt toplanmagynda ulanylýan täze sosial media kanallaryna elýeterliligiň öňüni almaga çalyşýarlar.
Arap dünýäniň Tunisiň rewolýusiýasyndan uç alan demonstrasiýa tolkunlaryny Ýemende-de görmek bolýar. Ýemenliler paýtagt Sanaanyň azyndan dört ýerinde ýygnanyşyp, Ýemeniň prezidenti Aly Abdulla Salehiň işden çekilmegine çagyrdylar.
Arap dünýäsindäki syýasy üýtgeşmeler Şweýsariýanyň Dawos şäherinde Dünýä Ykdyady Forumyna ýygnanan biznes we hökümet liderleriniň hem ünsüni özüne çekdi.
Arap Ligasynyň baş sekretary, Mubaregiň daşary işler ministri bolup, 10 ýyl işlän Amr Musa üçünji gün tunis gozgalaňyndan soň arap dünýäsinde başlanan protest tolkunlary demokratiki reformalaryň zerurlygyny görkezýär diýdi.
"Arap raýatlary gaharly, lapykeç. Mesele şunda. Onsoň bu oýnuň ady reforma" diýip, Arap Ligasynyň baş sekretary Amr Musa aýtdy.
ABŞ-nyň pozisiýasy
Birleşen Ştatlar hem Waşingtonda özüniň Mubarek režimi, Ýakyn Gündogardaky esasy ýarany babatda hemişekilerinden has ýiti äheňde gürrüň etdi.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama 27-nji ýanwarda Müsürdäki problemalary çözmekde zorlugyň jogap däldigine ünsi çekdi. “Hökümet zorluga ýüz urmakda seresap bolmaly we köçelerdäki adamlar hem zorluga ýüz urmakdan seresap bolmaly” diýip, ol aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton üçünji gün Mubaregi ýurt raýatlaryny diňlemäge we demokratiki reformalary durmuşa geçirmäge çagyrdy.
"Biz Müsüriň hökümetiniň şu pursat, öz wagtynda, müsür halkynyň kanuny zerurlyklaryna we bähbitlerine laýyk syýasy, ykdysady we sosial reformalary geçirmekdäki möhüm mümkinçiligine berk ynanýarys" diýip, Klinton aýtdy.
Has möhümi, protestleri gurnaýjylara kömek eden mobil telefonlary we sosial media gurallaryny baglamazlyga çagyryp, Klinton Waşingtony protestçileriň tarapynda goýdy.
Döwlet departamentiniň sözçüsi Filip Krowliý Waşingtonyň müsür häkimiýetlerine çagyryşyny gaýtalap, protestleriň zorluksyz geçirilmegine rugsat bermäge hem-de sosial media Web saýtlaryny baglamazlyga çagyrdy.