Obama ABŞ “Sputnik” pursaty bilen ýüzbe-ýüz diýýär

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Kongressiň bilelikdäki sessiýasynda çykyş edýär, 25-nji ýanwar.

Prezident Barak Obama ABŞ-nyň bäsdeşlige ukybyny artdyryp, dünýädäki liderligini saklamalydygyny nygtady.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 26-njy ýanwarda Kongressiň bilelikdäki sessiýasynda eden çykyşynda ýurduň “täzelikler döwrüniň” bosagasynda duranlygyny nygtady. Ol ýyllyk çykyşyny iş orunlaryny döretmek proýektine we Amerikanyň “ýeňiş ýoluna” bagyşlady.

Prezident Obama Kongessiň öňünde beren hasabatynda ýurtda täze iş orunlaryny döretmek we ABŞ-nyň dünýädäki bäsdeşlige ukybyny güýçlendirmek planlaryny öňe sürdi we şol planlaryny geljek ugrundaky bäsdeşlikde “üstün çykmagyň ýoly” diýip atlandyrdy.

Emma, syýasy synçylaryň çaklamalaryna görä, prezident Obama öňdäki iki ýylyň dowamynda amerikanlar üçin millionlarça täze iş orunlaryny döredip bilmese, oňa 2012-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynda öz wezipesini ýitirmek howpy abanýar.

Barak Obama ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň çöküşden ahyrsoňy saplanyp başlanlygyny aýtdy we häzirki pursatda hökümetiň goldaýan biomedisina, informasion tehnologiýalar we arassa energiýa ugrundaky barlaglaryny we maýa goýumlaryny goldamagyň ähmiýetini nygtady.

Obama ABŞ has kop iş orunlaryny döretmek meselesine uly üns berýärkä, Hytaýyň we Hindistanyň mekdeplerinde berilýän bilim meselesinde matematika we ylma esasy ünsüň berilýänligini belledi we Hytaýyň ylmy barlaglaryna ägirt uly maýa ýatyrýanlygyna ünsi çekdi.

Prezident Obama ABŞ-da işsizlik derejesi 10% bilen çäklense-de, işlemek isleýän amerikanlaryň uly kynçylyk bilen iş tapýanlygyny öňe sürdi. Şeýle hem ol hökümetiň ylmy barlaglara sarp edýän çykdajylaryny çürt kesik artdyrmaga we 2010-njy ýyla çenli matematika hem ylymlar boýunça mugallymlaryň sanyny ýene 100 müň adama çenli köpeltmäge çagyrdy.

“Sputnik” pursaty

Obama 1950-nji ýyllarda Sowet Soýuzy bilen kosmos bäsleşigini nazara alyp, häzir ABŞ “Sputnik” pursaty bilen ýüzbe-ýüz dur diýdi: “Ýarym asyr ozal sowetler kosmosa Sputnik atly hemrany ýollap, bizden öňe saýlandylar, bizde şol wagt olary Aýa çykyp ýeňjegimiz barada hiç bir pikir ýokdy”.

Prezident Barak Obama şol wagt ylmyň beýle derejä ýetmändigini, NASA-nyň bolsa entek döredilmändigini ýatlady.

“Emma ylmy barlaglara we bilime gowy maýa goýlandan soň biz diňe sowetlerden ozup geçmedik, biz täze senagatlary we millionlap täze iş ýerlerini döreden täzeçilik tolkunynyň jylawyny ýazdyrdyk. Bu biziň neslimiziň Sputnik pursaty” diýip, amerikan prezidenti Kongresse ýüzlenmesinde aýtdy.

Obama ýurduň möhüm infrasktruktura obýektlerini, şol sanda demir ýol we howa meýdanlaryny kämilleşdirmegiň zerurlygyny nygtap, bu meseläni ýurduň global derejedäki bäsdeşlige ukybyny güýçlendirmek meselesi bilen baglylykda agzady.

ABŞ-nyň Respublikan partiýasy tarapyndan dolandyrylýan Wekiller öýüniň maliýe konserwatorlary ýurduň şu ýylky maliýe çykdajylarynyň 100 milliard dollarlyk azaldylmagyny talap edýärler. Obama geljekki bäş ýylyň dowamynda howpsuzlykdan başga içerki çykdajylaryň azaldylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Barak Obama esasan Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna bagyşlan çykyşynda ýurduň daşary syýasatyna, şol sanda ýurduň milli gaznasyna agram salýan iki uruş bilen bagly meselä hem degip geçdi.

Obama, hususan-da, şu ýylyň tomsunda ABŞ-nyň Owganystandaky goşunlarynyň ýurtdan çekiljegini we Owganystanyň öz-özüni dolandyrmagy üçin ABŞ-nyň şu ýylyň dowamynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekçidigini aýtdy.