Şu aýyň başlarynda geçirilen referendumyň deslapky netijesinden belli bolşuna görä, Sudanyň günortasynda ýerleşýän regionyň dünýäniň öz garaşsyzlygyna gowşan iň täze ýurdy bolmagy mümkin.
Günorta Sudanyň saýlawlar komissiýasy tarapyndan 21-nji ýanwarda yglan edilen netijä görä, günorta sudanlylar tarapyndan berlen sesleriň 83% töweregi sanaldy we olaryň aglaba köpüsi Günortanyň, ýurduň demigazygyndan bölünmegini goldap, ses berdiler.
Sesleri doly sanamak işiniň ýanwaryň aýagyna çenli dowam etjekdigi we resmi netijäniň-de fewralyň ortalarynda yglan ediljekdigi aýdylýar.
San ýeterlik
Ses berişligiň deslapky netijesine görä, bu çärä gatnaşanlaryň sany saýlawlara gatnaşmaga hukugy bolan adamlaryň 60%-den geçipdir, bu san geçirilen referendumyň netijesiniň ykrar edilmegi üçin zerur diýlip hasaplanýardy. 9-njy ýanwarda başlan we bir hepde dowam eden bu ses berişlik 2005-nji ýylda prahatçylyk boýunça gelnen ylalaşyga esaslanýar.
Şol ylalaşyk Ýurduň Demirgazygynda ýaşaýan musulmanlar bilen ýurduň Günortasynda ýerleşýän hristianlaryň arasynda 22 ýyl töweregi dowam eden çaknyşygyň soňlanmagyna ýol açypdy. Şol çaknyşyklarda Sudanyň günortasyndaky ýaşaýjylardan azyndan 2 million adamyň ölenligi çak edilýär. Bu çaknyşyklara etniki, dini agzalalyklar bilen bir hatarda ýer asty baýlyklaryň üstündäki dawalaryň-da sebäp bolanlygy aýdylýar.
Graždanlyk uruşlary bu ýurduň Britaniýadan we Müsürden öz milli garaşsyzlygyny almagynyň yzysüre başlanypdy.
Günorta Sudanyň paýtagty Jubanyň ýaşaýjylaryndan käbirleri garaşsyzlygy azatlyk diýip hasap etjekdigini mälim edýärler. Ses berijilerden biri Emanuel Keri referendumyň başlanan güni irden saýlaw bölümine baryp, “gulçulyga garşy” ses bermek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.
”Men gije uklamadym. Meniň daňdan 3-de gelşim. Hatda men gije 12-lerde gelen adamlara-da duş geldim. Hawa, men öz sesimi ulanmaga, bölünmegi goldap ses bermäge geldim. Men häzir gul ýaly, emma indiki gezek sesimi bermäge gelenimde, gul hökmünde gelmerin” diýip, Günorta Sudanyň ýaşaýjysy Emanuel Keri aýtdy.
Entek garaşmaly
Günorta Sudanyň resmileri ses berişligiň deslapky netijesine seresaply çemeleşip, onuň doly netijesi yglan edilýänçä, halky gutlamazlyga çagyrýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de günorta sudanlylar Demirgazygy hem öjükdirmezlige synanyşýarlar. Sebäbi bu ýagdaýyň dartgynlygyň gaýtadan başlanmagyna iterge berip biljekdigi çak edilýär.
Referendum başlanmazdan ozal Sudanyň prezidenti Omar ul-Başir we onuň Demirgazykda ýerleşýän partiýasy ses berişligiň netijesini ykrar etjekdigini emma Günorta Sudanyň durnukly bolmajagyny aýdypdy.
Eger referendumyň deslapky netijesi tassyklansa, Günorta Sudanyň öz garaşsyzlygyny iýun aýynyň başlarynda yglan etmegine garaşylýar. Emma serhetleri kesgitlemek ýaly meseleler hem çözülmeli. Serhet liniýasy ýerasty baýlyklara eýe bolan regionlardan geçmeli, onsoň bu işiň hem aňsat bolmajagy çak edilýär.
Aby diýlip atlandyrylýan we göni serhet liniýasynda ýerleşýänligi aýdylýan regionyň kime degişli boljakdygy baradaky mesele bolsa ýagdaýy hasam çylşyrymlaşdyrýar.
Garaşsyz ýurt bolar diýlip garaşylýan Günorta Sudanyň infrastruktura taýdan hem dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy ahmal.