Gyrgyzystanyň adam hukuklaryny goraýjylarynyň geňeşi parlamentiň deputaty, Gyrgyzystanyň öňki ombudsmany Tursunbaý Bakir ogly bilen gepleşikleri bes etjekdigini yglan etdi.
Azatlyk Radiosynyň we Döwlet telewideniýesiniň bilelikdäki proýekti bolan «Oňaýsyz sowallar» gepleşigine «Ar-Namys» partiýasyndan parlamente saýlanan deputat Tursunbaý Bakir ogly we adam hukuklarynyň goraýjysy Dinara Aşurhanowa gatnaşdylar.
Gepleşik göni efirde dawa ýazdy. Sebäbi bu gepleşik efire berilmezden öň deputatlar namaz okaýan deputatlar üçin namaz okamaga mümkinçilik döretmek meselesini maslahatlaşypdylar.
Dinara Aşurhanowa we beýleki adam hukuklarynyň goraýjylary bu ýagdaýyň Gyrgyzystanyň Konstitusiýasyna garşydygyny aýtdylar. Bir söz bilen aýdanyňda, gepleşikde deputat Bakir ogly Aşurhanowany Günbatara satylanlykda, Aşurhanowa bolsa Bakir ogluny we beýleki namazhon deputatlary Konstitusiýany bozmakda günäledi.
Olaryň gepleşigiň dowamynda ýerlerinden turup, gygyryşyp, studiýany terk etmäge synanyşmaklary teletomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Adam hukuklaryny goraýjylaryň Tursunbaý Bakir ogluny boýkot etmeginiň sebabi hem şol gepleşik boldy.
Bakir oglunyň sözlerine görä, Konstitusiýada namaz okamasynlar diýlip, ýazylan ýeri ýok. Ol șeýle diýýär: “Dinarany goldaýan güýçli döwletler ýörite bu meseläni ulaldyp, yslama garşy göreşýärler. Şonuň üçin Dinara bu meseläni gozgady. Biz 15-20 sany deputat - namaz okasak, özümiz üçin okaýarys. Biz hiç kimi namaz okamaga mejbur edemzok. Biz namazy iller naharlanýan wagty okaýarys. Biziň hiç kime zyýanymyz ýok”
Şeýle-de Tursunbaý Bakir ogly Gyrgyzystanyň adam hukuklaryny goraýjylarynyň özüni boýkot etmegine umuman üns bermeýändigini, özi üçin munuň ähmiýetiniň ýokdugyny aýtdy.
Görnüșine görä, häzirki ombudsman Tursunbek Ahun bilen öňki ombudsman Tursunbaý Bakir oglunyň arasynda hem dawa bara meňzeýär. Sebäbi Tursunbek Ahun Bakir ogluny suda berjekdigi barada beýanat ýaýratdy.
Bakir ogly hazirki ombudsman Tursunbek Ahuny parahorlukda günälemek üçin özünde ýeterlik dokumentleriň bardygyny aýtdy. Tursunbaý Bakir ogly șol dokumentleri komissiýa tabşyrjakdygyny we sudda özüniň ýeňiş gazanjakdygyna ynanýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
«Oňaýsyz sowallar» gepleşiginiň geçen hepdeki goýberilişi
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

«Oňaýsyz sowallar» gepleşiginiň geçen hepdeki goýberilişiniň jemleýji bölegi