Prezident "duýdansyz" sapar etdi

10-njy ýanwarda Balkan welaýatynyň häkimi welaýatda 633,6 million manatlyga golaý möçberde maýa goýumyň özleşdirilendigini aýtdy.

Türkmen telewideniýesi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sişenbe güni Balkan welaýatyna eden iş saparyny “duýdansyz edilen sapar” diýip häsiýetlendirdi. Onuň bu saparynyň barşynda ýerli ilatyň nähilidir bir arz-şikaýatlary edendigi barada Türkmenistanyň habar serişdelerinde aýdylmady.

Berdimuhamedowyň bu iş sapary diňe Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesine sapar etmek bilen çäklendi. Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, Belek şäherçesinde döwlet lideri ýerli mekdebe, çagalar bagyna, ýerli dükana we saglyk merkezine baryp görüpdir.

Şol saparyň netijesinde-de prezidentiň Balkan welaýatynyň häkimine, Türkmenbaşy etrabynyň häkimine we Belek şäherçesiniň arçynyna bar bolan kemçilikler barada tankydy bellikleri aýdandygy hem-de kemçilikleri düzetmek barada degişli görkezmeleri berendigi habar berilýär.

Belek şäherçesindäki işleriň “Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli maksatnamany” durmuşa geçirmek boýunça bellenilen planlardan yza galýandygyna prezident tarapyndan üns çekildi.

Emma käbir obýektleriň gurluşyklary barada prezidentiň beren görkezmelerini göz öňünde tutmasaň, onuň öz saparynyň barşynda ýerli ýaşaýjylaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerine degişli nähili ýetmezçilikleri we nägilelikleri ýüze çykarandygy barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Türkmen telewideniýesinde nämüçindir bu “duýdansyz sapar” diýilýän saparyň barşynda ýerli ilatdan diňe mekdep okuwçylarynyň we çagalar bagyndaky çagalaryň şowhunly goşgy okaýyşlary we çykyşlary berlipdir. Publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu ýagdaýyň sebäbini habar serişdeleriniň ýapyklygy bilen düşündirýär.

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna eden “duýdansyz sapary” wagtynda onuň ýerli zähmetkeşler bilen duşuşyklaryndan telewideniýede eşitdirilen ýeke-täk sesde ýazgysynda hem gaz-gurluşyk işgärleriniň prezidentiň özüne saglyk dileýändiklerini eşitmek bolýar.

Gülala-güllükmi?

Eýsem, ýerli raýatlaryň hemme zat gülala-güllük diýip edýän çykyşlary ýa-da habar serişdelerinde nähilidir bir şikaýatlar barada maglumatlaryň eşitdirilmezligi Türkmenistanyň obalarynda we şäherçelerinde çözülmeli meseleleriňdir nägilelikleriň ýokdugyny aňladyp bilermi?

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanly käbir raýatlaryň gürrüňlerinden ilatda problemalaryň asla az däldigini görmek bolýar. Olaryň agzaýan problemalarynyň hatarynda bolsa işsizlik we eklenç problemasy iň bir möhüm çözülmeli mesele bolmagynda galýar.

Häzirki wagt Türkmenistanyň oba ýerlerinde sosial-ykdysady pudaga degişli käbir beýleki meseleler bilen bir hatarda ilatyň mellek ýer almak meselesiniň hem çözülmeli möhüm problema bolup durýandygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň oba ýerleriniň ýaşaýjylary aýdýarlar.

Eýsem, näme üçin Azatlyk Radiosyna öz şikaýatlaryny ýetirip duran bu raýatlaryň şikaýatlary Türkmenistanyň öz ýokary häkimiýet edaralarynda diňlenenok? Türkmenistanyň prezidentiniň ýerlere gurnajak şular ýaly duýdansyz saparlary bu ugurda bar bolan böwetleri böwüsmekde oňyn rol oýnap bilermi?

Türkmenistanly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu ýagdaý barada şeýle diýýär: “Şeýle saparlar gerek. Bular gowy zatlar. Ýöne ýerli çinownikler her edýärler hesip edýärler halk köpçüliginiň prezident bilen duşuşygyna bökdenç döredýärler. Aşakdaky çinownikler wezipede saklanmagyň ýoluny gowy öwrenipdirler”.

Soňra ol şeýle diýýär: “Bu - Nyýazow döwründen gaýdýan 17-18 ýylyň tejribesi. Şol tejribe döwülmese, ýokardan aýdylýan gürrüňler bilen ýerlerde ýagdaý düzelmez”. Bugaýew bu meselede ähli bilim edaralarynda ýaşlara häkimiýetleri şöhratlandyrmak ideologiýasyny öwretmekden el çekilmeginiň hem örän zerurdygyny nygtaýar.