HHR-niň başlygy döwlet sapary bilen ABŞ-a geldi

HHR-niň başlygy Hu Jintao dört günlük döwlet sapary bilen ABŞ-a geldi. Onuň amerikan prezidenti Barak Obama bilen gepleşikleri şu güne planlaşdyryldy.

Duşuşykda gozgaljak esasy meseleleriň biri Hytaý bilen söwdada ABŞ-nyň defisiti bolar diýlip garaşylýar. Bu ýagdaýyň sebäbini amerikan ekspertleri hytaý puly - ýuanynyň kursunyň emeli peseldilmeginde görýärler.

Saparynyň öň ýany Amerikan köpçülikleýin habar serişdelerine beren interwýusynda Hu Jintao “Waşington we Pekin gatnaşyklaryň täze derejesini tapmaly, ol netijesiz “sowuk uruş” döwründen tapawutlanmaly” diýdi.