Tunisde ýagdaý dartgynly

Öňki prezident Ben Aliniň ýurduň howpsuzlyk güýçlerindäki tarapdarlarynyň reaksiýasy hem esasy problemalaryň ýene biri bolup durýar.

17-nji ýanwarda Tunisiň premýer-ministri Muhammad Gannuşi syýasy partiýalar bilen gepleşikler arkaly täze birleşen koalision hökümeti döretmek boýunça ylalaşyga gelnenligini yglan etdi.

Munuň öňüsyrasy, Gannuşiniň bellemegine görä, täze koalision hökümetiň döredilmegi ýurduň dikeldilmegine, syýasy sistemanyň kämilleşdirilip, demokratik sistemanyň döredilmegine mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdy sosial-ykdysady taýdan ösdürip, tunis halkynyň durmuşynyň gowulanmagyna getirer.

Emma täze koalision hökümetiň döredilmegine taýýarlyk görülýärkä, öňki prezident Ben Aliniň tarapdarlaryna garşy çykyş edilip, 17-nji ýanwarda geçirilen köçe protestlerinde Gannuşiniň ady hem agzaldy.

Öňki prezidentiň partiýasyna garşy

Tunisiň howpsuzlyk güýçleri Tunisiň merkezine jemlenen bir müňe golaý adamyň protest çykyşlaryny dargatmak üçin ýangyn söndüriji tehnikadan we howa ok atmak çärelerinden peýdalandylar. Protestçiler Ben Aliniň “Demokratik konstitusion bileleşik” atly partiýasynyň dargadylmagyny talap etdiler.

Şotlandiýanyň St.Andrews uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar boýunça lektory Frederik Wolpiniň sözlerine görä, protestleriň ýüze çykmagyna Tunisiň täze koalision hökümetiniň hakyky demokratik özgerişlere taýýarlygyna we ukybyna bildirilýän şübheler esasy sebäp bolýar.

Wolpiniň bellemegine görä, täze hökümetiň düzümindäki wezipelere Ben Aliniň “Demokratik konstitusion bileleşik” atly partiýasynyň agzalarynyň bellenmegi we partiýanyň agzalarynyň Tunisiň parlamentiniň 90%-e golaýny emele getirýänligi, partiýanyň Tunisdäki syýasy täsirini saklap galmak niýeti baradaky çaklamalary güýçlendirýär.

Ugur nirä?

17-nji ýanwarda Germaniýanyň Daşary işler ministri Guido Westerwelle Tunisiň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurtda hakyky we düýpli özgerişlikleri geçirmäge çagyrdy we ýurtda durnuklylyga dolanmaga real mümkinçilikleriň bardygyny, asudalyga tarap ýoluň demokratiýanyň üstünden geçmelidigini nygatdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Tunis bidüzgünçiliklerdir talaňçylyklar bilen bagly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 14-nji ýanwarda öňki prezident El-Abidine Ben Aliniň ýurdy terk etmegine getiren agdarylyşygyň yz ýany garyplyga garşy protest aksiýalary ýüze çykdy.

Öňki prezident Ben Aliniň ýurduň howpsuzlyk güýçlerindäki tarapdarlarynyň reaksiýasy hem esasy problemalaryň ýene biri bolup durýar. Häzirki wagtda özgerişlikleri yglan edýän koalision hökümetiň ýurduň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan näderejede goldanjagy hem häzirlikçe jogapsyz.