Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso we azeri prezidenti Ilham Aliýew Ýewropa gaz akdyrmak boýunça bilelikdäki Jarnama gol goýdular.
Gol goýlan Jarnamada Azerbaýjan we Ýewropa Komissiýasy öz öňlerinde umumy maksat goýýar: "Günorta Koridoryň" ýola goýulmagy üçin Azerbaýjan degişli geçirijileri ýeterlik mukdarda gaz bilen üpjün eder. Ýewropa we Azerbaýjan Ýewropanyň gaz bilen üpjün edilmegi boýunça zerur bolan infrastrukturany bilelikde dörederler.
“Günorta Koridor” birnäçe gaz geçiriji proýektini öz içine alýar. Olaryň arasyna “Nabukko”, ITGI, “Ak akym” we TAP hem girýär. Bu gaz geçirijiler Hazaryň gazyny Ýewropa akdyrar.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barrosonyň indiki duralgasy Türkmenistan bolar. Barroso Türkmenistana resmi sapar bilen ilkinji gezek gelýär.
Aşgabatda Barroso türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen syýasy ugurlar we energiýa meseleleri boýunça gepleşik geçirer.