Duşenbe güni güni geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmekligiň dürli ugurlary boýunça 10 sany wezipäni hem kesgitledi.
2011-nji ýylda ýurdy ösdürmek boýunça Berdimuhamedowyň öňde goýan 10 sany esasy wezipesinden ilkinjisi «ýurdy ösdürmegiň täze ugurlaryny gözlemek» baradaky wezipe boldy.Ol bu barada şeýle diýdi: «Geljekki nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna ýurdumyzy ösdürmegiň täze ugurlaryny hökmany suratdy gözlemeli».
Mälim bolşy ýaly, döwletiň, ykdysadyýetiň, halk-hojalygynyň, syýasy we sosial pudaklaryň dolandyryş hem-de işleýiş mehanizmleri boýunça dünýäniň ösen döwletlerinde eýýäm anyk öwrenilen we ulanylýan baý tejribeler bar. Öz gezeginde dünýäniň ösüp bärýan ýurtlary gazanylan şol tejribelerden peýdalanýarlar.
Emma, Garaşsyz žurnalist, ýazyjy Akmuhammet Welsaparyň pikiriçe, dünýäniň beýleki döwletlerinden tejribe öwrenmek meselesinde Türkmenistan şu çaka çenli kän bir inisiatiwa görkezmän gelýär: «Şu meselede Türkmenistan örän agsaýar, hemme zatda, hamala, özi dünýäniň ýüzünde ilkinji gezek döwlet guran ýaly alyp barýar».
Ösüşiň täze ugurlary gözlenäýende-de, beýle wezipäniň halkyň garaýşy göz öňünde tutulmazdan amala aşyrylyp bilinmejekdigi düşnükli zat. Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan köp ýerli raýatlar döwletiň ösüşi baradaky teklipler beýlede dursun, hatda özleriniň gaýragoýulmasyz kynçylyklary barada-da arz-şikaýatlaryny häkimiýetlere diňletdirip bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Öz başlaryna düşýän kynçylyklar barada ýerli hökümet guramalaryna we organlara ýüz tutup, haraý tapyp bolmaýandygyndan şikaýat edýän raýatlar az däl. Olar ýerli guramalara öz arzlaryny diňletdirip bilmänsoňlar, köplenç prezidente çenli ýüz tutmaga mejbur bolýandyklaryny, emma beýle synanaşyklaryň hem netije berip barmaýandygyny aýdýarlar.
Halk we hökümet
Eýsem, ýönekeý problemalary çözmek meselesinde hökümet bilen halkyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmadyk halatynda döwletiň ösüşiniň ugruny kesgitlemek ýaly uly meseleler näderejede üstünlikli çözülip bilner? A.Welsapar jemgyýeti häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürmek üçin ozaly bilen hut şu gürrüňi edilýän meselelerden başlanmalydygyny aýdýar.
Elbetde, döwlet ähmiýetli wezipeleriň çözgütleri diňe bir ýurduň raýatlarynyň şikaýatlaryny diňlemek meselesi bilen hem çäklenmeýär. Bu mesele anyk pudaklar boýunça spesialistleriň, bilermenleriň öz pikirlerinidir tekliplerini ýurduň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji organlaryna ýetirip bilmek mehanizmleriniň hem ýola goýulmagyny talap edýär.
Bu barada aşgabatly ýurist Akmyrat şeýle diýýär: «Türkmenistanyň häkimiýetleri öz iş stilini üýtgedip, oba-hojalygy we beýleki ugurlardan bilermenleri, şol ugurlardan tejribeli adamlary diskussiýalara çagyrsalar, olaram öz pikirlerini aýtsalar we ol pikirlerem göz öňünde tutulsa, elbetde, bu döwlete peýda getirip bilerdi».
Käbir bilermenleriň, şol sanda garaşsyz žurnalist, ýazyjy A.Welsaparyň hem pikiriçe, döwlet bilen raýatlaryň arasynda şeýle sazlaşykly hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagynda metbugat azatlygyna örän uly rol degişli: « Garaşsyz metbugata we söz azatlygyna ýol berilmezden, prezident Berdimuhamedowyň häzirki kesgitlän wezipeleri talabalaýyk çözülip bilinmez.