ABŞ-nyň Wekiller öýüniň agzasy Gabriel Giffordsyň janyna kast etmek synanyşygy amerikanlaryň arasynda gynanç we aladalanma döretdi. 8-nji ýanwarda Giffordsyň kellesinden ok atyldy.
ABŞ-nyň taryhynda Kongresiň agzasynyň atylyp, öldürilmegi bilen bagly soňky sapar bolan wakadan 30 ýyldan gowrak wagt geçipdi.
Wekiller öýüniň agzasy Gabriel Giffords şenbe gününi kanun çykaryjylar üçin adaty bolmadyk ýerde geçiripdi. Ol ABŞ-nyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Arizona ştatynyň Tussan şäherinde supermarket dükanynyň öňünde saýlawçylar bilen duşuşypdy.
Giffords Demokratik partiýasynyň täze inisiatiwasy barada sorag-jogap geçirip, ýerli ýaşaýjylar bilen ýaňy gepleşip bolanda, kimdir biri oňa ýakyn aradan hüjüm edip, kellesinden ok atdy. Şondan bäri Giffordsyň ýagdaýy agyrlygyna galýar.
Hüjümiň netijesinde ýene 6 adam ölüp, 10-dan gowrak adam hem ýaralandy. Ýogalanlaryň arasynda federal sudýa we 9 ýaşly gyzjagaz hem bar. Bu waka ýurtda howsala döretdi. Hüjümde güman edilýän adam polisiýa tarapyndan ele salyndy.
10-njy ýanwarda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hüjümiň pidalarynyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk yglan etdi. Obama hüjümi ýazgaryp, tutuş ýurt üçin bu pajygaly wakada adamlaryň bileleşmelidigini we birek-biregi goldamalydygyny aýtdy.
Kongresmenleriň janyna kast edişlikler
ABŞ-nyň ýüzbe-ýüz bolan bu tragediýasy ýaly waka soňky gezek ýurtda 30 ýyl mundan öň ýüze çykypdy. Şonda Kongresiň agzasy öldürülipdi.
1978-nji ýylda kaliforniýaly demokrat kongresmen Leo Raýan Günorta Amerikanyň demirgazygynda ýerleşýän Gana ýurduna sapar edipdi. Kongresmen we onuň tarapdarlary bu ýurda, San-Fransisko ştatynda öz saýlawçylarynyň regionynda hereket eden “Halklaryň ybadathanasy” atly dini toparyň Gana göçüp, şol ýerde adamlary güýç bilen saklaýanlygy baradaky maglumatlary barlamaga barypdy.
Raýan dini toparyň agzalarynyň öňünde çykyş edip, olara ABŞ-a dolanmak üçin özi bilen gitmek mümkinçiligini hödürläpdi. Emma mundan soň kongresmen öz tarapdarlary bilen howa meýdanyna tarap barýarka gabawa düşüp, beýlekileriň arasynda özi-de heläk bolupdy.
Bu wakadan soň birnäçe wagt geçensoň, “Halklaryň ybadathanasy” atly dini topar öz janyna köpçülikleýin kast edişlik aksiýasyny geçiripdi. 900 adamyň heläk bolmagyna getiren bu waka “Jonestown gyrgynçylygy” ady bilen taryha giripdi.
Leo Raýandan öň Kongresiň ýene bir agzasy, 1968-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna Demokratik partiýadan dalaşgär hökmünde gatnaşan senator Robert Kennedi atylyp öldürilipdi. Bu waka 1968-nji ýylyň 6-njy iýunynda Kaliforniýada, Robert Kennedi saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazansoň bolup geçdi.
Prezidentleriň janyna kast edişlikler
ABŞ-nyň ýene üç prezidenti janyna kast edişligiň pidasy bolupdy: 1865-nji ýylda Abraam Linkoln, 1881-nji ýylda James Garfield we 1901-nji ýylda William MakKinleý.

1963-nji ýylyň noýabrynda prezident John F.Kennedi Tehas ştatynyň Dallas şäherinde atylyp öldürildi.
ABŞ-nyň prezidentleriniň arasynda-da janyna kast edişligiň pidasy bolanlary bar. 1963-nji ýylyň noýabrynda prezident John F.Kennedi Tehas ştatynyň Dallas şäherinde atylyp öldürildi. Bu adatdan daşary ýagdaý barada ABŞ-nyň habar serişdeleri, şol sanda “CBS” telekanaly öz gepleşikleriniň arasyny kesip, gyssagly habar beripdi. ABŞ-nyň ýene üç prezidenti janyna kast edişligiň pidasy bolupdy: 1865-nji ýylda Abraam Linkoln, 1881-nji ýylda James Garfield we 1901-nji ýylda William MakKinleý.