Merkezi Aziýa ýurdy bolan Täjigistanyň Dini işler boýunça komiteti ýurduň hökümeti tarapyndan goldanylýan “Yslam geňeşi” bilen birlikde metjitlerde okalmaly wagyzlaryň 60 töweregi sanawyny ýurtdaky ymamlara ýaýratjakdygyny mälim etdi.
Tankytçylar, hususan-da “Yslam galkynyş partiýasynyň” wekilleri, bu karary ýazgardylar. Olaryň aýtmagyna görä, hökümet bu kararynyň üsti bilen ymamlaryň edýän wagyz-nesihaty sebäpli ilat arasynda, esasanam ýaşlaryň arasyndaky giňeýän goldawy togtatmaga çemeleşýärler.
Dini işler boýunça komitetiň başlygynyň orunbasary Muhtor Mawlonow bu aýyplamalary ret edip, bu kararyň ýurtda yslamyň gymmatlyklaryny artdyrmaga, şeýle-de jemgyýetde ekstremistik we terrorçy hereketleri peseltmäge gönükdirlendigini aýdýar.
"Bular yslamyň öňe sürýän kadalaryndan, çagalaryň ýetişdirilişi we olara dogruçyllyk, ynam, dostluk we beýleki moral gymmatlyklardan ugur alnyp düzüldi” diýip, Dini işler boýunça komitetiň başlygynyň orunbasary Muhtor Mawlonow nygtaýar.
Wagyz temalarynyň sanawynyň şu aýyň dowamynda ýaýradylmagyna garaşylýar. Şeýle-de bu temalardan bir ýylyň dowamynda peýdalanmak planlaşdyrylýar. Munuň bilen baglylykda, ymamlar bilen hödür edilen temalardan çykmazlyk barada degişli görkezmeler geçirildi.
Duşenbäniň merkezi metjidiniň ymamy Hamdullo Rahmzoda beýle çäreleriň geçirilmegine zerurlygyň ýokdugyny nygtaýar: “Biziň wagyz etmek üçin saýlaýan temalarymyz mydama-da ahlak kadalaryna eýerýärdi, sebäbi yslamyň özi hem ahlaklyk we gowy amallardyr”.
Täjigistanda wagyz çäreleri, esasan anna günleri juma namazynyň öňüsyrasy geçirilýär. Bu hutbalar bir sagat töweregi dowam edýär. Soňky ýyllaryň dowamynda bolsa wagyzlar Täjigistanda juda meşhurlyga eýe boldy. Olary diňlemäge müňlerçe adam barýar.
Duşenbäniň Kazokon metjidiniň ymamy Mullo Abdurahymyň aýtmagyna görä, onuň metjidine juma namazyna gelýänleriň sanynyň öňküler bilen deňeşdirlende köplüginiň sebäpleriniň biri – bu “Olaryň, hususan-da, wagyzlary diňlemäge gelýänligidir”.
"Men wagyz temalaryny saýlamak üçin hemaýata mätäç däl. Eger-de metjitlere bir sagat öňünden adamlaryň ýygnanyp başlaýandygyndan ugur alynsa, onda, çakymça, meniň edýän wagyzlarym ýerlikli we adamlar üçin kabul edirliklidir” – diýip, Mullo Abdurahym aýdýar.
Wagyz köplenç sorag-jogap görnüşinde geçýär. Adamlar öz ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine nädip çemeleşmelidigi barada ymamlardan maslahat soraýarlar. Emma, resmileriň aýtmagyna görä, ymamlaryň wagyzlary köplenç dini we ahlak temalardan geçip, syýasata ýazýar.
Ymamlar hökümetiň din boýunça alyp barýan käbir syýasatlaryny, mysal üçin, mekdeplerde we edaralarda hyjap geýmegiň gadagan edilmegini berk tankytlaýarlar. Emma Tajigistanyň hökümetiniň resmileri beýle tankytlary iňkär edýärler.
Täjik resmileri dine we yslam guramalaryna basyş görkezýändikleri üçin tankytlanyp gelýärler. Soňky hepdeleriň dowamynda degişli işleri alyp barmak üçin şahadatnamalarynyň ýoklugy bahanasy bilen Duşenbede azyndan 10 metjit ýapyldy.
Emma Ispeçak metjidiniň ymamy Dawlat Mirzoýewiň aýtmagyna görä, häkimiýetler ýyllar boýy onuň ymamlyk edýän metjidini hasaba almakdan ýüz öwrüp gelipdirler. Resmileriň aýtmagyna görä bolsa, ýurduň raýatlary häzirki höküm sürýän dini azatlykdan juda hoşal.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar