Eýranly aklawçy türmä basyldy

Iki çaganyň enesi 45 ýaşly aklawçy Sotoudeh 4-nji sentýabrda tussag edilipdi.

Eýranly adam hukuklaryny goraýjy tanymal aklawçy Nasrin Sotoudehiň 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, onuň 20 ýyllap aklawçy bolup işlemegine we ýurdy terk etmegine gadagançylyk girizilenligi habar berilýär.

Yslam respublikasyndaky bu tussag edişlige Eýranda adam hukuklaryny goraýjy aktiwistlere we aklawçylara edilýän yzygiderli hüjümiň dowamy hökmünde garaldy.

Nasrin Sotoudeh eýranly Nobel baýragynyň eýesi Şirin Ebadiniň öňki hyzmatdaşy. Ol 2009-njy ýylyň prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine şübhe bildirip, ony protest eden oppozision aktiwistleriň biri.

Eýranda adam hukuklaryny goramak boýunça halkara kampaniýasy atly gurama (ICHRI) Nýu Ýorkda ýerleşýär. Bu gurama Sotoudehiň tussaglygyny “gödek sud ýalňyşlygy” diýip atlandyrdy.

Eýranly aklawçy zenan Nasrin Sotoudehe “milli howpsuzlyga garşy hereketler”, “hijab bürenmezlik” we “režime garşy propaganda” bilen bagly günä ýöňkelip, jeza berildi. Bu barada ICHRI habar berýär.

Iki çaganyň enesi 45 ýaşly Sotoudeh 4-nji sentýabrda tussag edilipdi we ol şondan bäri Tähranyň Ewin türmesiniň kamerasynda saklanýardy. Onuň açlyk çekendigi we saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy hem aýdylýar.

Duşuşyklar çäklendirilýär

Nasrin Sotoudehiň adamsy Reza Handan 9-njy ýanwarda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, sud diňlenişiklerinden başga ýerde özüniň aýaly bilen duşuşmak mümkinçiliginiň bolmandygyny aýtdy.

“Tussag edilmeginden iki aý geçensoň, ony çagalary bilen duşuşdyrdylar. 12 gün mundan ozal hem ony çagalar görüp bildiler, emma duşuşyk diňe bäş minut dowam etdi. Ejesinden jyda düşen çagalarym örän ejir çekýärler” diýip, Reza Handan aýtdy.

Reza Handan sözüni dowam etdirip, şeýle diýdi: “Çagalaryny görmekden mahrum edilen aýalymam aýralykdan ýaňa akyl-huşuny ýitirdi. Onuň hal-ýagdaýy gowy däl. Ol maşgalasyny, ilkinji nobatda-da çagalaryny örän gaýgy edýär. Biziň oglumyz 3, gyzymyz 11 ýaşynda”.

Reza Handanyň Frans Press agentligine aýtmagyna görä, Nasrin Sotoudehe garşy aýyplamalar esasan onuň 2009-njy ýylyň prezidentlik saýlawlarynyň yzýany tussag edilen müşderisi barada daşary ýurt habar beriş serişdelerine beren interwýusy bilen bagly boldy.

Halkara çagyryşlar

Eýranly aklawçyny azat etmek çagyryşy bilen halkara derejesinde yzygiderli çagyryşlar edilýär. Geçen aý aklawçy Nasrin Sotoudehi azat etmek çagyryşy bilen Tähranyň adyna bilelikde ýüzlenme edildi.

Ýüzlenmede Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Şirin Ebadi, “Serhetsiz Reportýorlar guramasynyň” başlygy Jan Fransua Juilliard we “Serhetsiz Aklawçylar guramasynyň” başlygy Fransua Kantier “Eýran rejimi özüni gorka salýan sesleri bogmaga synanyşýar” diýip bellediler.

Azatly Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Şirin Ebadi Eýranyň sud sistemasynyň garaşsyzlygyny elden bermegine özüniň gynanýanlygyny nygtady.

BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Neýwi Pillaý hem bu ýagdaýa alada bildirip, Sotoudehiň işiniň “demokratiýa garşy edilýan giňişleýin basyşlaryň bir bölegidigini we Eýrandaky adam hukuklaryny goraýjylaryň ýagdaýynyň barha agyrlaşýandygyny” belledi.