Çili Palestinanyň garaşsyzlygyny ykrar edýär

Çili palestin döwletini ykrar eden soňky Günorta Amerikan ýurdy boldy.

Çiliniň daşary işler ministri Alfredo Moreno anna güni çili hökümetiniň Palestinany «azat, garaşsyz we özbaşdak» döwlet hökmünde ykrar etmek barada rezolýusiýa kabul edendigini aýtdy.

Çili bu karar bilen Braziliýa, Argentina, Boliwia we Ekwador ýaly ýurtlaryň hereketine goşuldy. Bu ýurtlar Palestinany geçen ýylyň dekabrynda ykrar edipdiler.