Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew prezidentlik möhletiniň 2020-nji ýyla çenli uzaldylmagyna garşy çykdy.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew özüniň 2020-nji ýyla çenli saýlawsyz prezident wezipesinde galdyrylmagy boýunça Milli referendum geçirilmegi hakdaky ideýa garşy çykdy. Nursoltan Nazarbaýewiň bu karary metbugatda çap edildi.
Prezidenti goldaýan belli bir topar dekabr aýynda şeýle ideýany öňe sürüpdi. Soň bu ideýa Parlamentiň iki palatasy tarapyndan hem goldanypdy. Gazak oppozisiýasy bu ideýa 2012-nji ýylda geçirilmeli prezident saýlawlaryny ýatyrmaga synanyşyk, Birleşen Ştatlar bolsa demokratiýadan yza çekilmek diýip, baha berdiler.
Astanadaky Ýewroaziýa uniwersitetiniň dosenti Saparbaý Jubaýewiň pikirine görä, bu ideýa olar üçin täzelik däl: “Sebäbi mundan ýarym ýyl öň parlament «Halkymyzdan Nazarbaýewe «il başy», ýagny gazaklaryň başlygy adyny bermek teklibi gelip gowuşdy» diýip, bu teklibe parlament derejesinde garapdy. Emma diýilýän şol teklibi prezidentiň özi inkär edipdi“.
Jubaýewiň sözlerine görä, häzirem prezidentiň referendum geçirmek meselesini inkär etmegi dogry kabul edilen karara meňzeýär. Emma ýagdaý üýtgemese, Nursoltan Nazarbaýew 2012-nji ýylda geçjek prezidentlik saýlawlarynda hem ýeňiş gazanar diýip, Jubaýew sözüniň üstüne goşdy.
Elbetde, Nazarbaýewiň bu hereketi demokratik prinsiplere laýyk hereket, emma prezidenti goldaýan toparyň saýlawlar bolmasyn, referendum bolsun diýen ideýa bilen orta çykmagy gazak jemgyýetiniň doly demokratik ösüş ýolundan barýandygyny aňlatmaýar.
Demokratik prinsipler
Prezident Nazarbaýewiň referendum geçirmek inisiatiwasyny ret etmegine Saparbaý Jubaýew prezidentiň gazak jemgyýetini hakyky demokratik ösüş ýoluna salmaga çalyşýanlygynyň alamaty diýip, baha berýär.
Gazagystanyň “Adilet” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Serik Abdyrahmanow hem prezident Nazarbaýewiň bu ýoly 2012-nji ýylda boljak prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak maksady bilen saýlandygyny aýdýar.
Gazagystan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hakyky demokratik ösüş ýoluna düşen döwlet hasaplanýar. Emma, şeýle-de bolsa, Gazagystanda problemalar az dal diýip, Abdyrahmanow aýdýar.
Abdyrahmanowyň pikirine görä, referendum geçirmek ideýasyny öňe sürenler prezident bilen bile işleşýänler. Olaryn Merkezi Aziýadaky beýleki prezidentlerin töweregindäkilerden hiç hili tapawudy ýok: “Olar referendum geçirip, prezidentiň saýasynda hiç hili kynçylyksyz ýaşamak isleýärler. Emma prezident saýlawlara gatnaşyp, özi bilen işleýänleri berk synagdan geçirýär”.
Soňra Abdyrahmanow sözüni şeýle dowam etdirýär: “Saýlawlar syýasy meýdanyň uly synagy hasaplanýar. Saýlawlaryň netijesinde prezident öz daş-toweregeinde güýçli syýasatçylaryň ýokdugyna göz ýetirip bilýär. Saýlawlar jemgyýetiň ösmegi üçin iň bir demokratik ýol hasaplanýar”.
70 ýaşly Nursoltan Nazarbaýew Gazagystana 21 ýyl bäri ýolbaşçylyk edýär.